Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Welaýat zenanlar bölüminde

10.06.2021

Golaýda welaýat zenanlar bölümi bilen «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkeziniň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulabat ejäniň nusgalyk el işleriniň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurylmagy mynasybetli çäreler geçirildi.
«Bagt köşgi» toý-dabaralar merkeziniň «Altyn zalynda» «Baky nusgalykdyr gelin-gyzlara» ady bilen geçirilen çäre örän täsirli boldy. Onda Mary şäheriniň ýaşaýjysy, hormatly dynç alyşdaky mährem ene Amanjemal Berdiýewa, welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany Täzegül Beknazarowa hem-de Mary şäher merkezi kitaphanasynyň hünärmeni Annajemal Orazowa çykyş etdiler.
Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň nusgalyk el işleriniň Döwlet muzeýine gowşurylmagynyň zenanlar üçin taryhy waka bolandygy buýsanç bilen bellenildi. Olar külli türkmeniň käbesi Ogulabat ejäniň 20 günüň dowamynda nepislik bilen bejeren kürtesiniň gelin-gyzlar üçin, aýratyn-da, ýaşlar üçin görelde mekdebi bolup durýandygyny aýtmak bilen, şeýle däp-dessurlarymyza eýermelidigini wagyz etdiler. Bu ýerdäki milli lybaslarymyzy şöhlelendirýän sergi hemmeleriň ünsüni özüne çekdi.
***
«Bagt köşgi» toý-dabaralar merkeziniň girelgesinde geçirilen aýdym-sazly dabara hem Ogulabat ejäniň nusgalyk el işleriniň Döwlet muzeýine tabşyrylmagyna bagyşlandy. «Ene kalbynyň mähri siňen sungat» atly dabarada zenanlaryň milli lybaslarynyň, el işleriniň, şaý-sepleriniň sergisi guraldy. Sergide zenanlaryň on barmagyndan kemala gelen, sünnälenip bejerilen, nepis nagyşlanan dürli lybaslar görkezildi. Bahar gözelligi bilen sazlaşýan bu ajaýyp lybaslar sahna bezegini has-da artdyrdy.
Dabaranyň dowamynda zenan aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde şirin aýdymlar ýaňlandy.
***
Şeýle dabaralaryň ýene biri «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkeziniň zenanlaryň milli toý lybaslarydyr şaý-sepleri saklanylýan otagynda hem geçirildi. Dabarada zenan aýdymçylaryň aýdan aýdymlarynda bagtyýar döwrümiziň, eziz käbelerimiziň waspy belentden ýaňlandy. Soňra dabaranyň dowamy söhbetdeşlik bilen utgaşyp gitdi. Söhbetdeşlikde Mary şäheriniň ýaşaýjysy, şäher zenanlar bölüminiň işjeň agzasy Bibi Täjikowa, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Dünýägözel Gurbanjumaýewa, Murgap etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy, şahyr Aýnäzik Esenowa Ogulabat ejäniň Döwlet muzeýine tabşyran kürtesi hem-de gülli joraby barada buýsançly gürrüň etdiler.
Üstünden ýarym asyr geçse-de, şol bir durkuny saklan kürtäniň taryhy baradaky täsirli gürrüňler milli gymmatlyklarymyzyň beýany boldy. Çykyş eden zenanlar Ogulabat ejäniň kalbynyň mähri siňen nagyşlaryň örän nepislik bilen bejerilendigini, bu gymmatlygyň Döwlet muzeýine tabşyrylmagynyň geljekki ýaşlara nusgalyk mekdep boljakdygyny öwran-öwran nygtadylar.


Türkmen zenanlarna görüm-görelde,
El işleri Ogulabat ejäniň.
Ýaşlar üçin uly mekdep, ýörelge,
El işleri Ogulabat ejäniň.

Keşdeleri bejerilen, bezelen,
Ene yhlasyndan kemala gelen,
Döwlet muzeýiniň gymmaty bolan,
El işleri Ogulabat ejäniň.

Gülli jorap örülipdir mähirden,
Dürli güller salynypdyr eserdeň,
Göýä görk alyp dur elwan bahar deý,
El işleri Ogulabat ejäniň.

Mährim gitdi nepisligne keşdeleň,
Göwnün hoşlar tarypyny eşdeniň,
Diýdirip dur: «Yhlas bilen işlenen»,
El işleri Ogulabat ejäniň.

Bagt diläp duran deýin uzlara,
Kürte nagşy ýugrulypdyr näzlere,
Baky nusgalykdyr gelin-gyzlara,
El işleri Ogulabat ejäniň.

Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan».
TZB-niň işjeň agzasy.
SURATLARDA: «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde geçirilen çärelerden pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.