Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Yssy howada özüňizi goraň!

08.06.2021

Şu günler howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär. Şonuň üçin hem lukmanlar jöwzaly tomusda şu aşakdaky kadalary hökman berjaý etmegi maslahat berýärler:
Yssy howada ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin- -eşikleri geýmeli. Günden goranmak üçin kelläňize ýeňiljek başgap geýiň, ýaglyk daňynyň ýa-da saýawan göteriň!
Zerurlyk bolmasa, Gün şöhlesiniň ýitileşýän wagtlarynda, ýagny 11:00-dan 17:00-a çenli aralykda daşaryk çykmaly däl.
Günden goraýjy äýnekleri dakynmak peýdaly.
Howa aşa gyzanda süňňüňden deriň köp mukdarda suwuklygyň üsti bilen bölünip çykmagy diňe bir bedeniň deňagramlylygyny bozman, eýsem, ganyň goýulaşmagyna getirýär. Şonuň üçinem yssy howada günüň dowamynda 2,5-3 litre golaý suw içmeli.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.