Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bellenilip geçildi

08.06.2021

Toýlary toýlara ulaşýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýeňişli menzilleri külterleýär. Şeýle guwançly sepgitler Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda--da guwanjymyza guwanç goşýar. Şanly ýylymyzyň toý-baýramlarynyň biri bolan Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni biziň welaýatymyzda-da uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçildi.
Şu sene mynasybetli baýramçylyk çäresi Mary şäheriniň merkezindäki welaýat medeniýet köşgüniň öňündäki meýdançada geçirildi. Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan dabara tebigaty goramagyň ulgamynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň işgärleri hem-de welaýat merkeziniň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresinde welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlary şirin aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Tansçylaryň ökdelik bilen ýerine ýetiren tanslary dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Aýdym-sazlarda ata Watanymyzyň, ajap eýýamymyzyň we gözel tebigatymyzyň waspy joşgunly ýaňlanyp, toý dabarasynyň ýaňy alyslara aşdy. Şeýle hem bu toý dabarasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary şäher komiteti welaýat tebigaty goramak müdirliginde zähmet çekýän işjeň agzalarynyň birnäçesine baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdy.
Guwançly senä bagyşlanan baýramçylyk dabarasy oňa gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.

Baýram AMANOW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATLARDA: baýramçylyk dabarasyndan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.