Bütindünýä welosiped güni dabaraly bellenilip geçildi
08.06.2021
Hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyna laýyklykda ýurdumyzda her ýyl iýun aýynyň başynda Bütindünýä welosiped güni dabaraly bellenilip geçilýär. 2018-nji ýylyň aprel aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda çözgüt kabul etdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda her bir raýatyň uly we kiçi ýaşly neslimiziň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagy ugrunda tutumly işler alnyp barylýar, welosiped sportunyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Öňňin Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welaýatymyzda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Bezemen sport lybasyndaky ruhubelent welosipedçiler ir säher bilen şäheriň Kemine köçesiniň ugrunda ýerleşýän Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň ýanyndan badalga aldylar. Bu welosipedli ýörişe welaýat, etrap şäher häkimliklerinden, bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryndan jemgyýetçilik guramalaryndan wekiller hem-de bilim ojaklaryndan talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Welosipedçiler şäherimiziň gözel ýerlerine, ýagny, Kemine köçesiniň başlanýan ýerinden başlap, tä, welaýat medeniýet köşgüne çenli ýöriş etdiler. Edara-kärhanalaryň öňünde, aýratyn hem “Bagtyýarlyk» seýilgähiniň giň meý dançasynda ýaýbaňlandyrylan çykyşlar ýörişe ruhuny has-da belende göterdi. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň, çagalaryň döredijilik çykyşlary welosipedçileriň kalbyna joşgun berdi. Hormatly Prezidentimiz halkyň sport bilen yzygiderli meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini ündeýär. Bu dabaraly ýöriş bolsa, hut şonuň subutnamasydyr. Ruhubelent welosipedçiler welaýat medeniýet köşgüniň öňündäki baýramçylyk röwüşde bezelen pellehanada joşgunly aýdym-saz diňlediler we olar sportuň dürli görnüşleri boýunça täsirli çykyşlara buýsanç bilen tomaşa etdiler.
Dabaraly ýörişe işjeň gatnaşan welosipedçiler Bütindünýä welosiped gününi bellemegi ýola goýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Ogulşat BERKELIÝEWA.
“Maru — sahu jahan”.
SURATLARDA: dabaraly ýörüşden pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.