Welaýatymyzda galla oragyna guramaçylykly girişildi
08.06.2021
Oba hojalyk ekinleriniň iň gadymylarynyň we esasylarynyň biri ak bugdaý, bereketli topragymyzda has irki döwürlerden bäri ösdürilip ýetişdirilýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ak bugdaýyň mekany hasaplanylýan Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde jepakeş ilimiziň zähmeti bilen ak bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi. Ýetişdirilen galla hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almak, oragy guramaçylykly we netijeli geçirmek şu günki günüň wajyp we möhüm meselesidir.
Welaýatymyzyň gallaçylary bugdaý oragyna ýokary taýýarlykly geldiler. Olaryň çeken yhlasly we tutanýerli zähmetiniň netijesinde 170 müň gektarda gallanyň bereketli hasyly ýetişdirildi. Meýilnamada göz öňünde tutulan 345 müň tonna guşgursak bugdaý taýýarlamaga ähli mümkinçilikler bar.
Şu ýylyň 2-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda Arkadag Prezidentimiz Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýurdumyzyň gallaçylarynyň agzybir, netijeli zähmeti bilen ýerlerde ak ekiniň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini nygtap geçdi. Ýetişdirilen galla hasylyny wagtynda we zaýasyz ýygnap almak, oragy guramaçylykly geçirmek maksady bilen Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda 4-nji iýunda, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda bolsa 11-nji iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berip, asylly däbe görä il sylagly ýaşulularyň ýerlerde orak möwsümini “Bissimilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Milli Liderimiziň galla oragyna başlamaga ak pata bermegi welaýatymyzyň gallaçylaryny joşgunly zähmet çekmäge ruhlandyrdy.
Galla oragyna taýýarlygyň ýagdaýy, oragy guramaçylykly, gysga möhletde geçirmek, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ak patasyna eýerilip girişilmegi bilen bagly meseleler boýunça welaýat häkimliginde tejribe maslahaty geçirildi.
Maslahaty welaýat häkimi Döwranberdi Annaberdiýew açdy we alyp bardy. Häkim welaýatymyzyň obasenagat toplumynda, oba hojalyk ulgamyndaky özgertmeler, şu günlerki alnyp barylýan işler dogrusynda aýdyp geçdi.
Tejribe maslahatynda welaýat häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow çykyş etdi. Ol ýerlerde bol hasylyň ýetişdirilendigini aýdyp, hasyly isrip etmän, gysga möhletde ýygnap almaga görlen taýýarlygyň ýagdaýy barada habar berdi.
Şeýle-de, maslahatda Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Duşak Annagulyýew, Wekilbazar etrabynyň G. Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň başlygy Meretdurdy Amanow, şol etrabyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Amanberdi Pürsähedow, welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň müdiri Orazmyrat Çaryýew çykyş edip, galla oragynyň başlanmagy bilen hemmeleri gutladylar we daýhana berýän kömek-goldawlary, satyn alyp berýän kämil tehnikalary, awtoulaglary üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Daş-töweregi täze tehnikalar-kombaýnlar, awtoulaglar, oraga gatnaşmaly oba hojalyk gurallary bilen gurşalan, gözýetime uzap gidýän altynsöw öwüsýän, altyn başly bugdaý meýdany — Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň ekinzarlygy. Ýetişen bugdaýly meýdany, tehnikalary synlan her bir adamda ruhubelentlik duýgusy döräp, galla oragynda hiç hili bökdençligiň bolmajakdygyna ynam berkeýär.
Sabyrsyzlyk bilen garaşylan pursat hem gelip ýetdi. Elleri orakly ýaşulular hormatly Prezidentimiziň ak patasyna eýerip, “Bissimilla, ýylymyz bereketli, saçagymyz nanly bolsun!” diýip, oraga başlap berdiler. Hemmeler ýaşulularyň yzyna eýerip, olaryň hereketini gaýtaladylar. Kombaýnlaryň sazlaşykly hereketleri bilen atyzlar altynbaş bugdaýdan saplanyp başlady.
Çäjiňize bereket, hormatly gallaçylar! Ýylyňyz hümmetli bolsun!
Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATLARDA: welaýatymyzda galla oragyna başlanyşyndan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.