Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Sport ussadyny ýatlap...

04.06.2021


Durmuşda her bir ynsana üýtgeşik ukyp-başarnyk berilýär. Şol tebigy ukyby ýerlikli ulanyp, sportuň üstünlikli derejelerine ýeten Orazberdi Ataýewiň galdyran hormatly ady, ony elmydama belent sarpa bilen ýagşylykda ýatlanylmaga mynasyp edýär.
Orazberdi Ataýew 1963-nji ýylyň fewral aýynyň 10-yna Murgap etrabynyň Şordepe obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. O. Ataýewiň kiçiliginden sporta bolan höwesi ony 1978-nji ýylda Aşgabat şäherindäki häzirki Olimpiýa sport mekdebiniň gapysyndan eltýär. Ol ähli başarnygyny, yhlasyny sportuň welosiped sürmek görnüşine baglaýar. Öz synpdaş deň-duş ýoldaşlaryndan tapawutly saýlanan ýaş sport janköýeriniň ussatlygy ony sport bäsleşiklerine höwesli gatnaşmaga ruhlandyrýar. Ol 1979-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde SSSR-iň sport ussatlygyny almak ugrunda geçirilen jemleýji taýýarlyk bäsleşiginde, 80 kilometr aralygy 28 minut 34 sekuntda geçip, hormatly birinji orna mynasyp bolýar.
Şeýlelikde, O. Ataýew 1980-nji ýylda Simferopol şäherinde geçirilen Bütinsoýuz welosport ýaryşynda ýeňiş gazanyp, “SSSR-iň sport ussady” diýen hormatly ada eýe bolýar. Şeýle üstünlikli ýeňşi bilen türkmen sportuny has-da belentliklere göteren ýaş sport ussady Orazberdi Ataýew Aşgabat şäherindäki Olimpiýa sport mekdebini üstünlikli tamamlap, 1982-nji ýylda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport institutyna okuwa girýär. Ol ýokary okuwda okan döwürlerinde-de sportuň welosiped sürmek görnüşiniň dürli ugurlary boýunça dünýäniň ençeme döwletlerinde geçirilen iri we halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, hormatly orunlara mynasyp bolýar. 1982-nji ýylda Russiýanyň Moskwa şäheriniň “Krylatskiý” welotrek sport toplumynda geçirilen ýaryşda hormatly 2-nji orny eýeleýär. Soňra Saud Arabystany Patyşalygynyň Mekge şäherinde geçirilen, uzak aralygy päsgelçilik ýoly bilen geçmek boýunça halkara ýaryşyna gatnaşyp, oňat netijeleri görkezýär.
Mundan başga-da, sport ussady O. Ataýew Täjigistan, Ermenistan, Belarus, Germaniýa ýaly döwletlerde bolup, ençeme welosiped ýaryşlarynda aýratyn ukyp-başarnygyny görkezýär. Öz erjelligi bilen sport ussady bolan Orazberdi Ataýew 1987-nji ýylda ýokary okuw jaýyny uly üstünlikler hem-de abraý bilen tamamlaýar. Soňra ol 1987 — 1989-njy ýyllar aralygynda Watan öňündäki gulluk borjuny berjaý edýär. Gullugyny tamamlandan soňra Mary şäherindäki öňki Söwda we işewürlik orta hünär mekdebinde bedenterbiýe mugallymy bolup birnäçe ýyl zähmet çekýär. 1990-njy ýyldan 1996-njy ýyla çenli Murgap etrabyndaky sport mekdebiniň başlygy wezipesinde işleýär.
Öz ykbalyny sport äleminden üzňe saýmadyk Orazberdi Ataýew ömrüniň tä soňky günlerine çenli sport ulgamynda halal zähmet çekýär. Ol sport mugallymy bolup işlän ýyllarynda sport janköýerleri bolan ýaş nesillere tälim-terbiýe berýär.
Sport ussady Orazberdi Ataýew 2006-njy ýylyň sentýabr aýynyň 29-yna aradan çykýar. Gaýduwsyz, tutanýerli erjel bolmagy, öz öňüňde goýan maksadyňa ýetmegi şägirtleriniň kalbyna siňdiren ussat bu günki günde hormat bilen ýatlanylýar.
Türkmen halkynyň sport älemindäki şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, sport ussatlarynyň gazanan üstünliklerini wasp etmekde ýurdumyzda uly tagallalar edilýär. Bu bimöçber tagallalaryň gözbaşynda bolsa bize ähli taraplaýyn görelde görkezýän Gahryman Arkadagymyz dur.
Bize şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän mähriban Arkadagymyza egsilmez alkyş aýdýarys. Goý, milli Liderimiziň jany sag, başy dik bolsun, il bähbitli, umumadamzat ähmiýetli ähli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Şageldi SALYHOW.
Murgap etrabynyň Şordepe geňeşliginiň ýaşaýjysy.
SURATDA: (çepden birinji) Orazberdi Ataýew.