Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Çagalary goramagyň halkara güni dabaraly bellenilip geçildi

04.06.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli ýerinde Çagalary goramagyň halkara güni uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçildi. Biziň welaýatymyzda hem bu baýramçylyk dabaraly ýagdaýa eýe boldy.
Golaýda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Mary şäherindäki çagalar öýünde “Parahatçylygyň ak guşlary” atly dabara geçirildi. Dabara welaýatymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri we körpeje jigilerimiz gatnaşdylar. Bu ýerde welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Durdymuhammet Annageldiýew çykyş etdi. Ol öz çykyşynda çagalary baýramçylyk bilen gutlap, milli Liderimiziň çagalary goramakdaky alyp barýan bimöçber işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi.
Baýramçylyk dabarasynda çagalar türkmen halk ertekisi esasynda sahnalaşdyrylan “Jelulym we Belulym” sahna oýnuny, “Ördejikler”, “Jigitler” atly tanslary ýerine ýetirdiler. Bu oýunlardyr tanslary taýýarlamak üçin çagalar öýüniň uly terbiýeçisi Aýnagözel Hedikowa, terbiýeçiler Amangözel Geldiýewa, Altyn Miminowa uly tagalla etdiler. Bu ýerdäki çykyşlar hemmeleriň göwnünden turup, el çarpyşmalar bilen garşy alyndy. Şeýle hem Mary etrabynyň Diýar geňeşliginiň taryh muzeýiniň müdiri Şahamyrat Mürriýew tarapyndan sergi guraldy. Bu sergä çärä gelenler uly höwes bilen tomaşa etdiler.
Dabaraly çäräniň ahyrynda çagalara hormatly Prezidentimiziň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Goý, çagalaryň bagtyýarlygy üçin şeýle mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!
Şemşat SAÝLYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: dabaraly çäreden pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.