Bütindünýä çilimkeşlige garşy göreş güni bellenilip geçildi
02.06.2021
Golaýda Bütindünýä çilimkeşlige garşy göreş gününe bagyşlanyp okuw- -maslahat guraldy. Bu çäre TKA-nyň welaýat birleşmesi, TDP-niň Mary şäher komiteti hem-de welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň bilelikde guramagynda Mary şäherindäki iç keselleri hassahanasynyň mejlisler zalynda geçirildi. “Arkadagyň göreldesi — sagdyn durmuş ýörelgesi” atly bu okuw-maslahata saglygy goraýyş ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar.
Okuw-maslahatda welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň lukmanlary Tawus Hojanyýazowa, Jumamyrat Annamyradow çykyş etdiler. Olar milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ilatyň saglygyny goramakda, neşekeşlikdir çilimkeşlik we beýleki zyýanly endiklere garşy göreşmekde alnyp barylýan tutumly işler dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler. Şeýle hem okuw- -maslahatda çykyş edenler çilimkeşlige garşy göreşde hormatly Prezidentimiziň badalga berýän tagallalary barada durup geçdiler. Bu çäräni TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy Hekimberdi Orazberdiýew alyp bardy. Okuw-maslahatyň ahyrynda TDP-niň we TKA-nyň işjeň agzalarynyň birnäçesine sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
B. MERGENOW.
SURATDA: okuw-maslahatdan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.