Ýazky at çapyşyk möwsümi tamamlandy
02.06.2021
Geçen dynç güni Mary atçylyk sport toplumy baýramçylyk toý dabarasynyň geçýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde ýelden ýüwrük türkmen bedewleriniň gatnaşmagynda ýazky at çapyşyk möwsüminiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Ir säher bilen bu ýerde ählumumy ruhubelentlik we baýramçylyk joşguny emele geldi. Toplumyň çäginde medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazlary belentden ýaňlandy. Amaly-haşam sungatynyň önümleriniň, bezeg şaýlarynyň, muzeý gymmatlyklarynyň baý sergisi dabara gelenleriň ünsüni özüne çekdi.
Dürli aralyklara at çapyşyklarynyň bäşisi geçirilip, olaryň her birine ýyndamdan-ýyndam bedewler gatnaşyp, iň gowy netijeleri görkezen çus bedewler öňe saýlandylar. Olara hormatly ýaşulularymyz tarapyndan sylag-serpaýlar ýapyldy. Örän çekeleşikli geçen bu ýaryşlarda türkmen bedewleri diňe bir ýyndam häsiýetleri bilen tapawutlanman, eýsem, öz erjelliklerini we çydamlylygyny subut etdiler.
Birinji çapyşyk 1400 metr aralyga geçirilip, oňa üçýaşar atlaryň sekizisi gatnaşdy. Ökdeleri öňe saýlaýan bu ýaryşda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Germab diýen al aty 1 minut 32,3 sekunt wagt görkezip, pellehana birinji bolup gelmegi başardy. Bu atyň seýsi Enwerguly Babalyýew, çapyksuwary Baýnazar Begliýew.
1600 metr aralyga çapyşyga goýberilen üçýaşar bedewleriň sekizisi gatnaşan ikinji çapyşyk hem bedew janköýerleri tarapyndan şowhunly garşylandy. Bu çapyşykda 1 minut 50,9 sekunt wagt görkezen Almaly diýen al bedew ilkinji bolup pellehana geldi. Enwerguly Babalyýewiň seýislän, Baýnazar Begliýewiň çapyksuwarlyk eden bu aty Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankyna degişlidir.
At çapyşygyna tomaşa edýän toý märekesiniň şowhunly el çarpyşmalaryna eýe bolan Nesil diýen gara dor at 1600 metr aralygy 1 minut 56,2 sekuntda geçip, üçünji çapyşygyň ýeňijisi boldy. Üçýaşar atlaryň sekizisinden saýlanyp öňe çykan Nesil, “Täze aý” haryt nyşanly hojalyk jemgyýetiniň aty bolup, ony seýislän we çapyksuwarlyk eden Toýly Annaçaryýewdir.
Soňky dördünji we bäşinji at çapyşyklarynyň 1800 metr aralyga bolmagy, onuň has-da dartgynly häsiýete eýe bolmagyna sebäp boldy. Çapyşyklaryň her haýsynda dört we uly ýaşar atlaryň onusynyň çapyşyga goýberilmegi bedew janköýerleriniň şowhunyny has-da artdyrdy. Dördünji çapyşygyň ýeňijisi bolan Akgala diýen gara at bu aralygy 2 minut 12,2 sekuntda geçdi. Kuwwat Dowadowyň hususy hojalyk aty bolan bu bedewi ussat seýis Muhammetnyýaz Orazgeldiýew seýisläpdir. Ata çapyksuwarlyk eden Geldi Ýazberdiýew.
2 minut 7,4 sekunt wagt bilen pellehana ilkinji gelen Ýunus diýen gara at bäşinji çapyşygyň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli bolan bu ata Myrat Annarejepow çapyksuwarlyk etdi, seýsi Annadurdy Hydyrow.
Çapyşyklaryň arasynda aýdym- -sazly çykyşlar guraldy. Tomaşaçylar ýurdumyzyň bagtyýar zamanasynyň ägirt uly ösüşlerini wasp edýän bagşylaryň aýdym-sazly çykyşlaryndan uly ruhy lezzet aldylar. Bu dabarany Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Annabaýram Paýaýew ussatlyk bilen alyp bardy.
Soňra çapyşyklaryň ýeňijilerine sylaglary we gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirildi.
S. ILAMANOW.
SURATLARDA: at çapyşygyndan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.