Bal süýji, baldan bala süýji
02.06.2021
“Bal süýji — baldanam bala süýji” diýlişi ýaly, eziz çagalar her bir ene-atanyň göz-guwanjydyr. Ene gujagynda yssy mähirden ganýan bagtyýar çagany göreniňde göwnüň ganatlanyp, şatlyk duýgulary gaplap alýar. Bagtyýar ojaklary gülki sesleri bilen bezeýän perzentlerimiz bizi özleriniň näzijek mährine maýyl edýär. Ýolöten etrabynyň Goýunjy geňeşliginde ýaşaýan Çary Meredowlaryň bagtyýar maşgalasyny hem çagalaryň şatlykly gülküleri gurşap alýar.
Çary aga bilen Maýa gelnejäniň 6 çagasy bolup, olaryň üçüsi 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda dünýä indi. Üçem çagalaryň atlaryna Mähri, Wepa, Sapa diýip at dakylyp, üçemler şu ýylyň 1-nji maýynda 1 ýaşlaryny doldurdy. Güler ýüzli mähriban ene özüniň mähir-söýgüsini berip, beýleki çagalary bilen birlikde üçemleri hem döwrebap terbiýeleýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni uly ruhubelentlikde bellenilip geçilýär. Şol baýramçylyk mynasybetli Meredowlaryň maşgalasyndaky körpejelere kärdeşler arkalaşygynyň etrap birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Akmaýa HOJANYÝAZOWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: kärdeşler arkalaşygynyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymyrat Artykowyň üçemlere sowgat gowşuryp duran pursaty.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.