Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

OBA HOJALYGY

13.01.2021

Gadamy batly, geljege ynamly barýan Türkmenistan döwletimizde ähli ugurlarda bolşy ýaly, oba hojalyk pudagynda hem belent sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzyň oba zähmetkeşleri hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda berilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýerden bol hasyl almaga çalyşýarlar. Biziň welaýatymyzyň kärendeçileri hem ekin ýerlerinde toprak-howa şertlerimize ýaramly bolan gant şugundyryny ekip, bir ýylda iki hasyl almaga çalyşýarlar. Gant şugundyry hem düşewüntli ekin hasaplanylýar. Baýramaly etrabynyň kärendeçileri Türkmenistan– Bitaraplygyň mekany ýylynda bugdaýdan boşan meýdanyň 1950 gektar ýerine gant şugundyryny ekdiler. Olar ekiş möwsüminiň howanyň yssy günlerine gabat gelýändigi sebäpli ösüş suwuny irgözünden tutdular. Şeýle hem otag, ýekeleme işlerini agrotehnikanyň talaplaryna görä ýerine ýetirdiler. Olaryň yhlasy, gujurly zähmeti bilen bu günki gün meýdanda süýjülik ekin bolan gant şugundyry bol hasylyny eçildi. Şu günler etrabyň daýhan birleşikleriniň kärendeçileri ýerlerde ýetişen şugundyr hasyllaryny ýygnamak işleri bilen meşgul bolýarlar. Olar meýilnama boýunça 26200 tonna şugundyry «Maryşeker» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine tabşyrmagy maksat edinýärler. Şugundyrlary köwlemekde, daşamakda «Maryşeker» kärhanasy ýakyndan ýardam berýär. Etrapda «Gökdepe», «Täze ýol», «Täze durmuş» daýhan birleşikleriniň şugundyrçy kärendeçileri hasyl tabşyrmakda öňdeligi bilen tapawutlanýarlar. Daýhan birleşikleriniň kärendeçileri Täze ýylda – Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda toýlanyljak şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna zähmet üstünlikleri bilen barmak üçin şu günlerden aladalanýarlar.
"Maru-Şahu jahan" D. ORAZGELDIÝEWA.