“Soňky jaň” dabarasynyň joşguny
31.05.2021
Ýakynda welaýat kitaphanasynyň öňündäki giň meýdançada welaýat baş bilim müdirliginiň guramagynda 2020 — — 2021-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli «Soňky jaň» dabarasy boldy. Dabaranyň başynda hemmeleriň bilelikde ýerine ýetirmeginde Döwlet senasy belentden ýaňlandy.
Dabarada welaýat häkimi Döwranberdi Annaberdiýew çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň uçurymlara iberen Gutlagyny okady hem-de öňdebaryjy bilim işgärlerine we uçurymlara ýadygärlik sowgatlary gowşurdy.
Soňra Mary şäherindäki 29-njy orta mekdebiň müdiri, halypa mugallym Arslan Durdyýew, Sakarçäge etrabyndaky 5-nji çagalar bagynyň müdiri Ogulmaýsa Sahydowa baýramçylyk gutlaglary bilen çykyş etdiler. Çykyşlarda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize alkyş aýdyldy hem-de uçurymlara ak ýol arzuw edildi. Dabaranyň dowamynda welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary toý şatlygyny goşalandyrdy.
Dabaranyň ahyrynda uçurymlar bilim ojagyna ilkinji gezek gadam basjak bagtyýar çagalara bilimler dünýäsiniň simwoliki açaryny uly dabara bilen gowşurdylar. Hemmeleriň elçarpyşmalarynyň astynda «Soňky jaň» kakyldy. Şol pursat dabaranyň şowhuny has-da belende göterildi. Ruhubelentlikde al-asmana uçurylan akja kepderilerdir dürli reňkdäki şarlar dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Uçurymlaryň ýadyndan çykmajak — — 25-nji maý güni tolgundyryjy pursatlara baý boldy. Ýoluňyz ak bolsun, mähriban uçurymlar!
Şeýle dabaralaryň biri Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebinde hem geçirildi. Dabarada, ilki bilen, uçurymlar ellerini döşlerine goýup, Döwlet senasyny buýsançly ýerine ýetirdiler. Soňra uçurymlaryň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi.
Mekdebiň müdiri Wepa Orazberdiýew dabarany açyp, uçurymlara gutlag sözlerini beýan etdi. Ýaşuly nesliň wekilleri Allaýar Ýalkabow, Altyn Mämmedowa hem çykyş edip, bu günki günde ak mekdep bilen hoşlaşýan uçurymlara iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.
Dabaranyň ahyrynda ak mekdebe gadam urýan körpelere bilimler dünýäsiniň simwoliki açary gowşuryldy we «Soňky jaň» ýaňlandy. Bagtyýar uçurymlar parahatçylygyň nyşany bolan ak kepderileri we dürli reňkdäki şarlary asuda asmana sary uçurdylar. Mekdep howlusynda ruhubelentlige beslenen «Soňky jaň» dabarasy hormatly Prezidentimize alkyş sözleri hem-de mugallymlara minnetdarlyk sözleri bilen tamamlandy.
Mary şäherindäki 3-nji orta mekdepde uly şowhun bilen geçirilen «Soňky jaň» dabarasy hem ýatda galyjy wakalara beslendi.
Toý lybasyna bezelen mekdep howlusynda uçurymlar aýdym-sazlaryň üsti bilen döwletli döwranymyzy, bagtyýar döwrümizi, Arkadag Prezidentimizi, ak mekdebi joşgunly wasp etdiler. Dabarada mekdebiň müdiri Jeren Ýazdurdyýewa, welaýat baş bilim müdirliginiň işgäri Gülnabat Kerimowa çykyş etdiler. Olar kalplary buýsançly uçurymlara durmuşda uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuwladylar.
Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATLARDA: «Soňky jaň» dabarasyndan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW,
Azym ŞEKEROW.