Türkmen halysynyň baýramyna
31.05.2021
Gadym döwürlerden bäri enelerimiz gelin-gyzlarymyzyň elleriniň çeper bolmagy ugrunda irginsiz alada edipdirler. Esasan-da, her bir ýaş gyzjagaza türkmene mahsus edep-terbiýe berip, olara gadymdan gelýän el işlerini öwretmegi maksat edinipdirler. Olara keşde çekip, gaýma gaýamagy, haly dokamagy, keçe gülläp taýynlamagyň inçe syrlaryny öwredip, elleri gyzyl güle deňelýän zenanlary terbiýeläp ýetişdiripdirler. Şol öwredilýän el işlerimiz bolsa her bir zenanyň özüne mahsus dünýäsinde uly orny eýeleýär. “Iňňe bilen guýy gazan ýaly” diýlişi ýaly, haýsy el işi bolsa-da, ol irginsiz zähmeti talap edýär. Uz barmaklardan sünnälenip çykýan el işlerimiziň biri hem özüniň owadanlygy, ajaýyplygy bilen tapawutlanyp, göreniň gözüni özünde egleýän türkmen halylarymyzdyr.
Iş tejribesinden ýüki ýetik enelerimiz haly ýüplügini tebigy ot-çöplerden ýasalan boýaglara boýapdyrlar. Şol sebäpli türkmen halylary üstünden näçe ýyl geçse-de, durkuny, gözel keşbini ýitirmän durýar. Çeper elli, uz gelin-gyzlarymyz haly nagyşlarynda esasan, gyzyl, sary, ak, ýaşyl, gök reňkleri ulanýarlar. Halyçylar garry enelerimize sala salyp, sähetli günlerde halyny ýüwürdip, ondan soň dokap başlaýarlar. Halyçy zenanlaryň hatara oturyp, haly çitip, dokma daragyny kakyşlaryny göreniňde, gözel görkli türkmen tebigatynyň sazlaşygy ýadyňa düşýär.
Öz gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan halyçylyk sungaty ýyl-ýyldan kämilleşip, täze-täze nagyşlar bilen has-da baýlaşdyrylýar. Türkmen halylarymyz nepisligi, meşhurlygy bilen bütin dünýäde uly orun eýeleýär. Gelin-gyzlarymyzyň päk zähmetinden kemala gelýän nepis halylaryň her bir çitilen nagyşlary özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Türkmen halysy öýlerimiziň we toýlarymyzyň bezegine öwrülip, gymmatly hazyna hasaplanylýar. Halyçy zenanlarymyz diňe haly dokamak bilen çäklenmän, dürli gölleri ýerleşdirip, ýantorbalary, gapjyklary we şuňa meňzeş önümleri hem dokaýarlar. Şular ýaly taýynlanýan önümler hem dünýäni haýrana goýýan äpet halylar çeper elli enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň ussatlygyny açyp görkezýär.
Şeýle ussatlaryň elinden çykan halylarymyzyň tutýan orny uly bolup, ony türkmen ilimiz toýa sowgat hökmünde-de ulanýar. Mysal üçin, ogul öýerip, gyz çykarylanynda, täze jaý, maşyn edinileninde haly sowgat berilýär. Şeýle hem ýurdumyzda at çapyşyklarynda ilkinji orunlary eýelän atlaryň üstüne haly ýapylýar. Şular ýaly toýlarda gözüň ýagyny iýip gelýän halylarymyzy synlap, ony dokaýan gelin-gyzlarymyza has-da guwanyp, buýsanýarsyň.
Gözel Diýarymyzda her ýyl maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň baýramy uly ruhubelentlikde, şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýär. Ýurdumyzda ussat halyçylarymyzyň päk zähmetine belent sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyz halyçy zenanlarymyzyň mertebelerini hemişe belentde saklap, olary baýramçylyk mynasybetli gymmat bahaly sowgatlar bilen begendirýär.
Şeýle ajaýyp zamanada mähriban halyçy zenanlarymyzyň daraklary elmydama batly kakylyp, dünýämizi ýaňlandyryp dursun! Baýramyňyz gutly bolsun, eziz halyçy zenanlar!
Akmaýa HOJANYÝAZOWA.
“Maru — şahu jahan”.