Il saglygy — ýurt baýlygy
25.05.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda gözel Diýarymyz batly gadamlar bilen öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda saglygy goraýyş ulgamynyň has-da kämilleşdirmegi, dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglyk merkezleriniň, hassahanalaryň, yzygiderli ulanylmaga berilmegi netijesinde ynsan saglygyny gorap saklamak gönüden-göni döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň: “Biziň alyp barýan köptaraply işlerimiz mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, raýatlarymyz üçin abadan, asuda we bagtyýar durmuşy üpjün etmäge gönükdirilendir” diýen sözlerinden ugur alýan saglyk ulgamynyň işgärleri bu ugurda ýadaman-ýaltanman zähmet çekýärler. Şeýle yhlasly lukmanlara mysal hökmünde welaýat çagalar hassahanasynyň hirurgiýa bölüminiň müdiri Begenç Aşyrowyň adyny agzamak bolar. B. Aşyrow ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly kemala gelmegi üçin yhlasly zähmet çekýär. Şeýle-de, ol bölümiň lukmanlardyr şepagat uýalaryna hem halypalyk edip, işiň inçe syrlaryny öwredýär. B. Aşyrowyň göreldesine eýerýän işjanly lukmanlardyr şepagat uýalaryndan Merdan Gurbanmämmedowy, Altyn Halmämmedowany, Gülşirin Hommakowany, Hatyja Babaýewany, Sona Jumadurdyýewany agzamak bolar. Bu ýerdäki näsaglar bilen söhbetdeş bolanymyzda, Ýolöten etrabynyň Gammarbaba geňeşliginiň ýaşaýjysy Aýsoltan Gylyçmyradowa agtyjagynyň syrkawlap hassahana düşendigini, ýokarda ady agzalan eli ýeňil lukmanlaryň hyzmatlaryndan hoşaldygyny bildirdi. Agtyjagy Aýgüljigiň başyny sypalap, ilki bilen, lukman Arkadagymyza, şeýle-de, ýokarda ady agzalan lukmanlara, şepagat uýalaryna alkyş sözlerini aýtdy.
Hakykatdan hem hormatly Prezidentimiziň saýasynda ynsan saglygyny berkitmekde alnyp barylýan işleriň gerimi barha giňeýär. Bu ugurda zähmet çekmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Biz hem şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, yhlasly zähmet çekýän ak ýektaýly lukmanlaryň işinde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.
Asuda, parahat Watanyň goýnunda öz halkyny bolelin, abadan durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
A. GELDIÝEWA.
SURATDA: hassahananyň hirurgiýa bölüminiň müdiri Begenç Aşyrow iş wagtynda.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.