Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

25.05.2021

Golaýda welaýat kitaphanasynyň öňündäki giň meýdançada hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat beren «Ak şäherim Aşgabat» atly ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Welaýat häkimliginiň guramagynda geçirilen bu tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, bilim, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda welaýat häkimi Döwranberdi Annaberdiýew çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly gymmatly eseriniň Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna mynasyp sowgat bolandygyny buýsanç bilen belläp, hemmeleri täze kitabyň halkymyza gelip gowuşmagy hem-de Aşgabadyň 140 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu kitapda Aşgabadyň geçmiş taryhy, şu güni, geljegi barada giňişleýin beýan edilýär diýip, häkim Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan döreýän şeýle ajaýyp kitaplaryň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdi.
Soňra dabarada Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Hezretguly Öwlüýägulyýew, TKA-nyň Murgap etrap birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Gurbanmyrat Muhammetorazow, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Kakageldi Çaryýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýusup Garýagdyýew çykyş etdiler. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly taryhy maglumatlara baý kitabynyň halkymyz üçin, aýratynam, geljegimiz bolan ýaşlar üçin uly gollanma boljakdygy nygtaldy. Çykyş edenler ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramdyr toýlarymyzy ajaýyp kitaplary bilen yzygiderli begendirip durýan Arkadag Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Tanyşdyrylyş dabarasynda welaýatymyzyň belli sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ruhy lezzet hem-de joşgun paýlady.

Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATLARDA: dabaradan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.