Paýtagtym sen, ak bagtym sen, Aşgabat!
25.05.2021
Watanymyzyň ýüregi bolan paýtagtymyz Aşgabat şäheri bu günki gün gaýtalanmajak gözelligi, ajaýyplygy bilen göreni haýrana goýýar. Ak mermere beslenen binagärlik özboluşlylygy bilen haýran edýän binalar şäheriň gözelligine görk goşýar. Paýtagtymyzyň birnäçe desgalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygyna aýdyň güwä geçýär. Munuň özi biziň her birimiz üçin örän buýsandyryjydyr.
Köpetdagyň etegini bezäp oturan Aşgabat bu günki günde köçeleriniň, şaýollarynyň durky, olaryň iki gapdalyny bezeýän gülzarlygy, dürli şekiller berlen ýaşyl zolaklary bilen göreniň ünsüni özünde jemleýär.
Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni dabaraly bellenilip geçilýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýlanylýan ýylynda Aşgabadyň 140 ýyllygynyň şanly senesi aýratyn many-mazmuna eýe bolýar.
Dawutmyrat ATAMYRADOW.
TDEI-niň talyby, TMÝG-niň işjeň agzasy.