Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bellenilip geçildi

21.05.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň her güni uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär. Milli Liderimiziň goldamagynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylymyzda-da ýeňişli menzillerimiz rowaç alýar. Şeýle ajap zamanamyzda türkmen halkymyzyň toý-baýramlary goşa-goşadan gelip, olaryň şatlyk-şowhuny alyslara aşýar.
Mälim bolşy ýaly, golaýda ata Watanymyzda döwlet berkararlygymyzyň buýsançly baýramy giňden bellenilip geçildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni biziň welaýatymyzda-da ýokary ruhubelentlik, aýratyn şatlyk-şagalaň bilen baýram edildi. Şu sene mynasybetli baýram güni Mary şäheriniň merkezindäki Baş baýdak meýdançasynda baýdak galdyrmak dabarasy boldy. Bu baýramçylyk çäresine welaýat, şäher we etrap häkimleri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, edara-kärhanalaryň, guramalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Baş baýdak meýdançasyna esgerler Döwlet baýdagyny dabaraly ýagdaýda getirýärler. Türkmenistanyň Döwlet senasynyň buýsançly owazy astynda baýdak galdyrylýar. Şu baýramçylyk çäresinde welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew çykyş edip, baýramçylyk dabarasyna ýygnananlary şanly sene bilen mähirli gutlady. Soňra Mary etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Çaryýar Hommaýew, Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň Sakarçäge şahamçasynyň dolandyryjysy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Myrat Ogşykow gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Şanly senä bagyşlanan bu dabaraly çäräniň soňy Mary şäherindäki Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdançada guralan aýdym-sazly baýramçylyk konserti bilen dowam etdi. Medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Tansçylaryň şowhunly tanslary dabara ýygnananlaryň göwnünden turdy. Buýsançly senäniň baýramçylyk owazy belentden ýaňlandy.

Baýram AMANOW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATLARDA: baýramçylyk dabarasyndan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.