Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

OBA HOJALYGY: işler utgaşykly barýar

13.01.2021

Welaýatymyzyň obahojalykçylary Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany ýylyny zähmet üstünliklerine beslediler. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky bimöçber goldawlaryndan hoşal bolýan zähmetsöýer adamlar gallanyň, pagtanyň bereketli hasylyny döwlete tabşyrdylar. Olar datly önüm bolan gant şugundyryny irginsiz ýygmakda abraýly işleýärler. Zähmetsöýer ýer eýeleri gök-bakja, miwe önümlerini öndürmekde oňat netijelere eýe boldular. Maldarçylyk pudagynda oňat sepgitlere ýetildi. Täze oba hojalyk ýylyna ýokary ruhubelentlik bilen gadam basýan obasenagat toplumynyň iş-janly adamlary täze hasylyň düýbini tutmak işleri¬ne ýokary guramaçylyk bilen girişýärler. Olar hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp berýän tehnikalarynyň, olaryň gurallarynyň her bir işde möhümdigine aýdyň göz ýetirýärler. Şonuň üçinem ýaz ekişine degişli tehnikalary, olaryň gurallaryny möwsüme taýýarlyk işini çalt depginde dowam etdirýärler. Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalaryna baranyňda munuň şeýledigine göz ýetirýärsiň. Şolaryň biri bolan Ýolöten etrabynyň bu ugurdaky kärhanasynda hem göwnejaý wezipeler ýerine ýetirilýär. Etrap häkimliginiň guramaçylygynda kärhanada tehnikalary, gurallary rejeläp bejermek, gözden geçirmek işleri tutanýerli ýerine ýetirilýär. Olar hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp berýän ýokary iş öndürijilikli traktorlaryny göni hatarlarda saklap, olary gözden geçirýärler. Topraga gowaça tohumyny ekijileriň 45 sanysy doly taýýarlanyldy. Olaryň ýene ençemesi göni hatarlara çykarylýar. Ýaz ekişi möwsümine degişli boranalaryň 209 sanysy, topragy ýumşadyjy gurallaryň 79-sy birkemsiz taýýar. Bu möhüm işe degişli beýleki gurallaryň hem ulanylmaga taýýardygy guwandyrjydyr. Tehnikany, olaryň gurallaryny möhüm möwsüme taýýarlamakda «Tehnika — daýhanyň ygtybarly daýanjydyr» diýen many-mazmunly sözlerden ugur alýan tejribeli adamlar yhlasly işleýärler. Olardan Agaýusup Öwezberdiýew, Umyt Baýramow, Töre Taýyrow, Mekan Sabyrow dagynyň iş göreldesi beýlekileriň hem öndürjilikli işlemeklerine öz täsirini ýetirýär. Kärhanada demir ýonujy, gerekli enjam böleklerini ýasaýjylar, kebşirleýjiler bölümleri hem hereket etdirilýär. Elektrik energiýasynyň güýji arkaly işledilýän abzallara Akmyrat Durdyýew, Agarejep Işankulyýew dagy ussatlyk bilen erk edýärler. Tehnikanyň gadyr-gymmatyna sarpa goýup, yhlasly işleýän adamlaryň bolsa hemişe ruhlary belent. Olar her bir şanly seneleri, baýramlary iş üstünlikleri bilen garşylaýarlar.

Öwezmyrat POLLYYEW.
"Maru-Şahu jahan".
SURATDA: tehnikany ýaz ekişine taýýarlamak işlerinden pursatlar. Suraty düşüren Azym ŞEKEROW