Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar
14.05.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan ýüpekçiligi ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda ýüpekçi kärendeçiler bir aý gowrak wagt dowam edýän gurçugyny idetmek möwsümini tamamladylar. Olar gysga wagt dowam edýän, emma hysyrdysy ýetik bolan möwsüme öňünden doly taýýarlykly gelip, bu günki gün ýetişdiren pile hasyllaryna guwanýarlar.
Şu günler Baýramaly etrap pile kabul ediş we guradyş sehi köp adamly. Bu ýerde ýüpekçi kärendeçileriň yhlas bilen ýetişdiren pile hasyllaryny kabul etmek möwsümi gyzgalaňly dowam etdirilýär. Etrabyň daýhan birleşikleriniň ýüpekçileriniň tabşyrýan pile hasyllaryny synlanyňda, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda bellenilen meýilnamany ýerine ýetirjekdiklerine ynamyň artýar.
Etrabyň «Murgap» daýhan birleşiginiň ýüpekçileri Oguljeren Ataýewanyň, Maýa Aşyrowanyň, Eneş Ataýewanyň, Çemen Şiralyýewanyň hersi 1 guty gurçuk tohumyny idedip, 50 kilogramdan geçirip pile tabşyrmagy başardy.
Golaýda Türkmenistanyň agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat boýunça pudagara utgaşdyryjysy Halmyrat Babaýew, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Muhammetberdi Seýitliýew tejribeli ýüpekçileriň arasynda boldular. Olar ýüpekçileriň alyp barýan işleri bilen gyzyklandylar. Öňdebaryjy ýüpekçilere TKA-nyň welaýat we etrap birleşmeleriniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Ýüpekçiler özleri barada alada edýän, bol pile hasylyny öndürmek üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuwladylar.
Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATLARDA: ýüpekçi Oguljeren Ataýewa sowgat gowşurylýan pursaty.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.