Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy dabaraly bellenilip geçildi

11.05.2021

1941 — 1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşunda gan dökülip gazanylan Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygynyň baýramy Garaşsyz, Bitarap döwletimizde-de dabaly bellenilip geçildi. Şu sene mynasybetli uruş weteranlary, ýanýoldaşlaryny fronta ugradyp, ýar ojagyny saklap oturan eneler, tylda zähmet çekenler bilen duşuşyklar geçirildi. Olara gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşantlaryny goşanlar sarpalanyldy.
Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygynyň baýramçylygy mynasybetli gül goýuşlyk dabarasy boldy. Baky oda gül goýmak çäresine welaýat häkimliginiň, edara-kärhanalaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Ilki bilen Baky oda welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, ýaşuly nesliň wekilleri ter gül desselerini goýdular. Soňra edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň işgärleri, ýaşlar Watan gerçeklerini hatyralap, Baky oda gül goýdular. Bu çäräni synlanyňda türkmen halkynyň öz gahrymanlaryna uly sarpa goýup, olaryň edermenliklerini hemişe ýatlaýandygyna göz ýetirýärsiň. Soňra Mary şäherindäki “Mary” myhmanhanasynda sadaka berildi. Bu ýerde tagam iýlip, aýat-töwir okaldy. Öten-geçenleriň jaýlarynyň jennet bolmagy dileg edildi.

A. BAÝRAMOW.
SURATLARDA: baýramçylyk çärelerinden pursatlar.
Suratlary düşüren Azym ŞEKEROW.