Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygyna

10.05.2021

Şu günler güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşunda gan dökülip gazanylan Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygynyň baýramy bellenilip geçilýär. Uruş we zähmet weteranlary, urşuň yzynda galyp, ýar ojagyny saklap oturan mährem eneler, tylda zähmet çekenler bilen duşuşyklar geçirilýär. Olara baýramçylyk sowgatlary gowşurylýar.
Ýeňiş güni mynasybetli şeýle duşuşyklaryň biri Ýolöten şäherinde-de geçirildi. Şu şäheriň ýaşaýjysy, uruş we zähmet weterany ätiýaçlykdaky polkownik, “Gyzyl Ýyldyz” we başga-da birnäçe orden-medallaryň eýesi Şamy Abdyýew bilen duşuşyk dabara beslendi. Duşuşykda uruş weterany Ş. Abdyýewe TMÝG-niň welaýat geňeşi, Ýolöten etrap häkimligi, TKA-nyň etrap birleşmesi, TDP-niň we TAP-nyň etrap komitetleri tarapyndan hormatly Prezidentimiziň sowgady we başga-da baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Baýram AMANOW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: duşuşykdan pursat.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.