Il saglygy — ýurt baýlygy
07.05.2021
Tagtabazar etrap hassahanasynyň Sandykgaçy geňeşliginde ýerleşýän oba saglyk merkezine tejribeli lukman Aganazar Töräýew ýolbaşçylyk edýär. Merkez boýunça 3 sany maşgala meýdançasy hereketde. Merkeziň işgärleri ilatyň saglygyny barlap, ýokanç kesellerden goranmak barada degerli maslahat berip durýarlar.
Oba saglyk merkezinde arzyly käriň eýesi, çärýek asyrdan gowrak wagt bäri çaga dogruş bölüminiň göbegenesi Hatyja Ýuwşanowanyň ady hormat bilen tutulýar. Şeýle hem bu ýerde barlaghana şepagat uýasy Güljemal Bekinýazowa näsaglara degerli maslahat berip gelýär. Oba saglyk merkezinde 30 ýyla golaý bäri işläp, ilatyň alkyşyna eýe bolup gelýän diş lukmany Ýazmyrat Hakberdiýewiň hem uly hormaty bar. Ol raýatlara dişini aýawly saklamak barada degerli maslahat berýär.
Çary AMANGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: Sandykgaçy oba saglyk merkeziniň işgärleriniň durmuşyndan iş pursaty.
Surata düşüren awtor.