Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygyna
07.05.2021
Agyr jeňde köp pida çekilip gazanylan, çäksiz begenjiň gözýaşy bilen garşylanan Ýeňşiň 76 ýyllygynyň baýramy toýlanylýar. Bu Ýeňşiň dünýäniň ençeme halklary bilen birlikde türkmen halkyna-da juda gymmada düşendigem şübhesiz hakykatdyr. Bu jeňde onlarça müň türkmen ýigitleri şirin janlaryny gurban etse, uruşdan maýyp bolup gelenlerem juda köp boldy. Nägehan urşuň halkymyzyň başyna salan külpeti bimöçberdir.
Şu günler Ýeňiş gününiň baýramçylyk çäreleri giň gerime eýe bolýar. Sany ýylsaýyn azalýan uruş weteranlary, urşuň yzynda galanlary, tylda zähmet çekenleri Ýeňiş güni bilen gutlamagyň dabaralary şatlyk-şowhuna beslenýär. Golaýda Ýeňiş güni mynasybetli TKA-nyň welaýat birleşmesi, TSTP-niň welaýat komiteti Mary şäheriniň ýaşaýjysy, uruş we zähmet weterany Nikolaý Skotnikowa hormatly Prezidetimiziň baýramçylyk sowgadynyň we ter gül dessesiniň gowşurylyş dabarasy boldy.
Baýram AMANOW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: sowgat gowşurylýan dabaradan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.