Oba hojalygy: ýüpekçilik
07.05.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda mähriban halkymyz Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda zähmet ýeňişlerini, belent sepgitleri gazanmak üçin giň gerimli işleri alyp barýar. Oba hojalyk pudagynda zähmet çekmäge döredilýän giň mümkinçilikler daýhanlaryň her bir işde oňat netijeleri gazanmagyna ýardam berýär. Milli Liderimiz oba hojalygynyň beýleki ugurlary bilen birlikde ýüpekçiligiň ösdürilmegine, bol pile hasylynyň öndürilmegine aýratyn ähmiýet berýär.
Türkmengala etrabynyň ýüpekçi kärendeçileri döwletimize pile hasylyny tabşyryp başladylar. Etrap boýunça ýüpekçiler 1169 guty ýüpek gurçugyna ideg edip, bereketli pile hasylyny ýetişdirdiler.
Etrap pile kabul ediş we guradyş sehine ýüpekçilerden Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginden Döwlet Orazlyýew, «Ruhnama» daýhan birleşiginden Gülälek Orazgeldiýewa, «Ýeňiş» daýhan birleşiginden Döwlet Joraýew, «Türkmenistan» daýhan birleşiginden Altyn Bähbidowa, Kadyr Baýhanow ilkinjileriň hatarynda bolup pile hasylyny tabşyrmagy başardylar.
Tapawutlanyp pile hasylyny öndüren ýüpekçilere etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.
Ýüpekçiler dokma senagatymyzyň ösüşine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryna buýsanýarlar.
Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: TDP-niň etrap komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Muhammetnazar Täşliýewiň tejribeli ýüpekçi Tyllagözel Orazlyýewa Hormat hatyny gowşuryp duran pursaty.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.