Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy

15.12.2020

AŞGABAT, 8-nji dekabr (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynyň binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň azerbaýjan dilinde neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabaraly çäre ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ýetip gelýän şanly sene — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, Söwda-senagat edarasynda geçirilýän halkara serginiň çäklerinde guraldy.
Tanyşdyrylyş çäresine Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi we talyplary gatnaşdylar. Göni wideoaragatnaşyk arkaly olara Azerbaýjanyň belli ylym işgärleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri goşuldylar.
Çykyşlarda milli Liderimiziň nobatdaky ajaýyp filosofik-edebi işiniň türkmen halkynyň köpasyrlyk pähim-paýhasynyň özeni bolup durýandygy nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän şu baýramçylyk ýylynda çapdan çykan bu ajaýyp eseri köpasyrlyk däp-dessurlaryň dowamatlylygynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Şol däpler bolsa türkmenistanlylaryň şu günki we geljekki nesilleri üçin ahlak ýol görkezijisi bolup durýar. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda umumydünýä siwilizasiýasynyň ösüşine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan türkmen halkynyň beýik medeni mirasyny mundan beýläk-de öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek boýunça amala aşyrylýan işleriň örän wajypdygyny nygtadylar.
Türkmenleriň däp-dessurlarynda aýdyň beýanyny tapan belent ynsanperwerlik, umumadamzat ýörelgeleri beýleki halklarda hem uly gyzyklanma döredýär. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň köpöwüşginli edebi döredijiligine gyzyklanmanyň barha artýandygyny alamatlandyrýar.

Şeýlelikde, şu ýylyň sentýabr aýynda neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitap soňky birnäçe aýyň dowamynda eýýäm hytaý, ýapon, rus, gruzin we ukrain dillerine terjime edildi. Bu gün bolsa şu sanawyň üsti kitabyň azerbaýjan dilindäki terjimesi bilen ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp eseri dünýäniň ähli halklarynyň arasynda dostlugyň we özara düşünişmegiň ýene-de bir köprüsine öwrülýär. Bu kitap türkmen halkynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna düşünmegiň özboluşly açary bolup hyzmat edýär.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.