Bilimli nesil — kuwwatly Watan
04.05.2021
Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen geljegimiz bolan ýaş nesil barada edilýän aladalar rowaçlyklara beslenýär. “Çaga — eziz, edebi ondanam eziz” diýlişi ýaly, ýaş nesillerimiz hemişe gyzgyn mähre gurşalyp alynýar. Olary Watanymyza mynasyp ruhda kemala getirmekde uly aladalar edilýär. Ýaş nesliň bilimde, sungatda döredijilikli ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmakda, dürli-dürli bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.
Serhetabat etrabynyň “Nowça” atly 9-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçileri hem ýaş nesliň sözleýiş ukybyny ösdürmekde, giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli bolup ýetişmekleri ugrunda irginsiz aladalanýarlar.
Bakja-baga Sona Artykowa ýolbaşçylyk edip, ol işgärleriň agzybirlikde zähmet çekip, geljekki nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almaklaryny, wagtlaryny hoş geçirmeklerini gazanýar. Çagalar bakja-bagynda mekdebe taýýarlaýyş uly toparynyň körpejelerine tejribeli terbiýeçiler Bahar Saryýewa bilen Altynnabat Mommowa döwrebap bilim-terbiýe berýärler. Olar çagalar bilen her bir geçýän sapaklaryny öwrediji oýunlaryň üsti bilen geçip, reňkli suratlardan, ertekilerden ýerlikli peýdalanýarlar.
Çagalar bakja-bagynyň mekdebe taýýarlaýyş uly toparynyň körpejeleri etrap boýunça guralýan bäsleşiklerde ussatlyklaryny görkezip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Golaýda etrabyň çagalar edaralarynyň körpejeleriniň arasynda “Şadyýan japbaklar” diýen at bilen geçirilen bäsleşikde hem olar öňdäki orunlary eýelediler. Bäsleşikde çaga terbiýesi bilen bagly halk döredijiligine giň orun berildi. Körpeler sanawaçlary, ýaňyltmaçlary, goşgulary labyzly aýtdylar. Gyzykly geçen bäsleşikde Şamuhammet Berdimyradow, Şanur Tagandurdyýew, Eziz Batyrow, Ilhan Bäşimow ýaly körpeler japbaklaryň keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle zehinli çagalar bakja-bagyň tejribeli terbiýeçileriniň yhlasly zähmetiniň miwesidir.
Bu ýerde şahsy arassaçylyk düzgünlerini doly hem-de dogry berjaý edip, ýokanç keselleriň öňüni almak barada hem derwaýys işler durmuşa geçirilýär. Otaglarda müň derde derman bolan üzärlik tüsseledilip, körpeleriň arassa hem sagdyn bolmagy ugrunda aladalanylýar.
M. DAŇATAROWA.
SURATDA: terbiýeçi Bahar Saryýewa sapak wagtynda.
Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.