Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Sungatym bar - hormatym bar

04.05.2021

Şeýle mekdepleriň biri-de Mary etrabynyň çagalar sungat mekdebidir. Biz golaýda bu sungat mekdebinde myhmançylykda bolup, alnyp barylýan işler bilen tanyşdyk. Sungat ojagynyň bosagasyndan girenimizden, elleri milli saz gurally, ýürekleri joşgunly okuwçy oglan-gyzlarda gözümiz eglendi. Synp otaglarynyň birinde fortepianoda saz çalyp oturan okuwçy gyzjagazyň saz çalşyny synlap, onuň sungata bolan höwesiniň ganat baglaýandygyna göz ýetirdik.
Biz mekdebiň synp otaglaryna ýekänme-ýekän aýlanyp, aýdym-saz sungatynyň inçe syrlaryny öwrenýän zehinli çagalaryň ukyp-başarnygy bilen gyzyklandyk. Bu çagalar geljekde milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşjak ýaşlardyr. Çünki, çyn zehin çagalykdan gursaga guýulýar. Şol hakykat bilen hem zehinli çagalar ýüze çykarylýar. Sungat mekdebiniň müdiri Şöhrat Aşyrow bu mekdebe diňe bir ýolbaşçylyk etmek bilen çäklenmän, eýsem, ol dutar saz guraly boýunça okuwçylara sapak hem berýär. Ş. Aşyrow «Ýaşlyk» teleýaýlymyndaky «Juwan ýürek joşanda», «Bagtyýar nesiller» hem-de «Miras» teleýaýlymyndaky «Sungata sarpa goýup» atly aýdym-sazly gepleşiklerde okuwçylary bilen yzygiderli çykyş edýär.
— Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy netijesinde zehinli çagalary ýüze çykarmak maksady bilen ýurdumyzda dürli döredijilik bäsleşikleri ýygy-ýygydan geçirilýär. Biziň okuwçylarymyzyň hem, şol bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemegi bizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Aýdym-saz sungatyny özlerine hemra edinen şägirtlerimiz biziň geljekki sungat ussatlarymyzdyr. Şeýle halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny giňden ösdürýän, şägirt ýetişdirmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Arkadagymyza sagbolsun aýdýarys — diýip, sungat mekdebiniň müdiri Şöhrat Aşyrow alkyşly sözlerini beýan etdi. Kalby aýdym-sazly sungat mekdebinde birnäçe bölümler, ýagny, üflenip we kakylyp çalynýan, milli, halk, fortepiano, kirişli saz gurallary hem-de çeperçilik bölümleri hereket edýär. Bu ýerde jemi 27 mugallym zähmet çekýär we 120 okuwçy bilim alýar. Mekdepde çagalaryň diňe bir aýdym-saz sungatyny öwrenýändigi däl-de, eýsem, olaryň mekdep kitaphanasyndaky çeper eserleri uly höwes bilen okaýandygy hem biziň ünsümizi çekdi. Mekdebiň kitaphanaçysy Gülälek Bäşimowa okuwçylaryň hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary hem-de ýazyjy-şahyrlarymyzyň çeper eserleri bilen içgin gyzyklanyp, olary okamaga isleg bildirýändiklerini uly guwanç bilen nygtady.
— Sungat ojagy diýlende, bu ugurda işleýän adamlaryň, tälim alýan çagalaryň döredijiligi hemmeleri gyzyklandyrýar. Elbetde, aýdym-saz ynsan üçin ruhy iýmitdir. Şonuň üçinem aýdym-saza teşne ýürek jadylaýjy owazyň gudratyndan ruhy güýç alýar. Mekdebiň mugallymlary bolup, biz gapymyzdan gelýän çagalaryň höwesine, yhlasyna, zehinine çyn ýürekden guwanýarys. Olaryň okamagy, öwrenmegi ugrunda gije-gündiz alada edýäris. Zehin bar ýerinde üstünlik bar. Üstünligiň bar ýerinde bolsa ösüş bar. Aýdym-saz sungatyndan bilim alýan zehinli çagalary ýüze çykarmak biz, mugallymlaryň esasy maksadydyr. Geljekde-de, şeýle ukyply çagalaryň zehininiň gül kimin açylmagy üçin ähli yhlasymyzy gaýgyrmarys — diýip, sungat mekdebiniň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Arslan Ataýew buýsançly gürrüň berdi.
Bu sungat ojagynda zähmet çekýän mugallymlaryň zehinli çagalar hakyndaky aýdýan öwgüli sözlerini eşitmek has-da ýakymly. Mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Kuwwat Atageldiýew, 4-nji synp okuwçysy Halapberdi Merdanow, 5-nji synp okuwçylary Watan Geldiýew, Gültäç Nurgeldiýewa, 7-nji synp okuwçysy Humaý Bodynowa ýaly tapawutlanýan okuwçylary bar. Olaryň başarnyklary dilden-dile geçip, mugallymlar bilen bilelikde ene-atalaram begendirýär. Hawa, çagalykdan sungata yhlasly garaýan mekdebiň okuwçylary hakynda aýdara zat kän. 2015-nji ýylda Russiýa Fedarasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen «Altyn açarjyk» atly Kaspiýaka telewizion bäsleşik festiwalynda mekdebiň okuwçysy Gurban Öwezmämmedow 2-nji orny alyp, diploma eýe boldy.
2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzyň sungat mekdepleriniň arasynda geçirilen «Abadan, asuda Bitarap Watan» atly döredijilik bäsleşiginiň galam bilen surat çekmek ugry boýunça mekdebiň okuwçylary Enegül Annamyradowa, reňk bilen surat çekmek ugry boýunça Mähriban Atabaýewa 2-nji orunlara mynasyp bolup, diplom bilen sylaglanyldylar.
Biz bu ýerde sungatyň inçe syrlaryny yhlasly öwrenýän çagalara, ruhubelent zähmet çekýän mugallymlara uly üstünlikleri arzuw edýäris. Zehinli çagalaryň bilim almagy, öwrenmegi, döretmegi üçin ähli şertlere giň ýol açan Gahryman Arkadagymyza hemişe rowaçlyklar ýar bolsun! Ýurdumyzda milli medeniýetimize we sungatymyza goýulýan sarpa has-da belentliklere göterilsin!

Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň sapak geçýän pursaty.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.