Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bagtyýarlyk döwrüniň nesilleri

01.05.2021

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň raýatlarynyň arasynda bedenterbiýäniň we sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýetini ýokarlandyrmak, Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreler öz beýanyny tapýar.
Golaýda şäherimiziň “Berkarar” sport toplumynda “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň nesilleri” ady bilen şäherimiziň orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde 1-nji orny şäherimiziň 10-njy orta mekdebiniň 10-njy “A” synp okuwçysy Guwanç Öwezmyradow, 2-nji orny 5-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Hoşgeldi Şabasanow, 3-nji orny 13-nji mekdep--internatyň 11-nji synp okuwçysy Azym Söýünow eýelemegi başardylar. Ýeňiji bolan hem-de işjeň gatnaşan okuwçylara TMÝG-niň Baýramaly şäher geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.

Baýramgeldi GAÝYPOW.
TMÝG-nyň Baýramaly şäher geňeşiniň bölüm müdiri.