Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalyGY: täze hasylyň aladasy

29.04.2021

Toprak maňlaý derini aýaman zähmet çekýäne özüniň bereketini bolluk bilen eçilýär. Muňa oňat düşünýän zähmet adamsy ýere eýe gözi bilen garap, bol hasyl ugrunda aladalanýar.
Işine ussat, ýylyň-ýylyna ýokary netije gazanmagy başarýan kärendeçileriň biri hem Türkmengala etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Atamyrat Jumabaýewdir. Oba oglany kiçiliginden mellegiň işine, mal-gara kömekleşip, zähmete bişişýär. Toprak bilen iş salyşmagy bilýän A. Jumabaýew daýhan birleşiginden kärendesine ýer alyp, zähmet ýoluny dowam etdirýär. Ol ýaşlygyna garamazdan, kärende ýerine bugdaýdyr pagtany gezekleşdirip ekip, ýokary netijeleri gazanmagy başarýar. Hojalygyň hünärmenleriniň berýän maslahatlaryny iş ýüzünde amala aşyryp, özüniň tejribesini artdyrýar.
Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny zähmet ýeňişlerine beslemegi maksat edinýän Atamyrat Jumabaýew 2 gektar kärende ýerinde ak ekiniň idegini ýetirýär. Onuň boý alyp oturan bugdaý maýsalary daýhan zähmetiniň netijesini görkezýär. Kärendeçi ekiniň içinde bolup, iýmitlendirmek, suw tutmak işlerini utgaşykly alyp barýar.
Etrabyň jemgyýetçilik guramalary daýhan birleşiklerinde zähmet çekýän kärendeçileriň arasynda bolup armasyny ýetirýärler. Golaýda TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Eziz Pygamow we bölüm müdiri Babajan Muhammedow daýhan birleşiginde kärendeçileriň arasynda bolup, armasyny ýetirdiler. Olar kärendeçi A.Jumabaýewiň meýdanda zähmet çekip ýören pursatyna gabat geldiler. Watan harmanyna ýylyň-ýylyna bol hasyl tabşyrmagy başarýan kärendeçi gelen myhmanlary garşylap, ýazyň mylaýym howasynyň öwüsýän günlerinde bugdaýlaryň hem gowy boý alýandygy, şu günler alyp barýan işleri dogrusynda gürrüň berdi. Şeýle hem işläniň gadyry bilinýän ýurtda zähmet çekmäge, toprakdan bol hasyl almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza buýsançly sözlerini beýan etdi.
Biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna zähmet üstünlikleri bilen barmagy maksat edinýän, rysgyny toprakdan gözleýän kärendeçi Atamyrat Jumabaýewe hormatly Prezidentimiziň saýasynda gadamlarynyň batly, işiniň şowly bolmagyny arzuwlaýarys.

D. ORAZGELDIÝEWA.
SURATDA: ak ekinli meýdanda.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.