Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Ähli alada ynsan hakynda

29.04.2021

Ýolöten etrap kazyýetiniň mejlisler zalynda maşgala gatnaşyklarynyň berkligini we durnuklylygyny pugtalandyrmak, nikanyň bozulmagynyň öňüni almak boýunça etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýerli geňeşlikleriň bilelikde guramagynda kazyýete nika bozmak barada ýüz tutan raýatlaryň ene-atalarynyň gatnaşmaklarynda ýygnak geçirildi.
Ýygnakda welaýat kazyýetiniň şikaýatlar we arzalar bölüminiň müdiri Jora Durdalyýew, welaýat kazyýetiniň şikaýatlar we arzalar bölüminiň maslahatçysy Suhan Jepbarow, Ýolöten etrap kazyýetiniň kazysy Gülşirin Ilamanowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bölüm müdiri Jennet Orazowa, etrabyň ýaşaýjysy, hormatly ýaşuly Seýitmuhammet Isakow çykyş etdiler. Çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri, ýurdumyzda alnyp barylýan kanunçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek hakynda, şeýle-de, nika mukaddesligine hormat goýmak, «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatyň iş ýüzünde doly amala aşyrylyp, ýurdumyzda her bir maşgala, her bir adam hakynda alada edilýändigi barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Ýygnagyň ahyrynda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin bimöçber aladalary durmuşa geçirýän Arkadag Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

A. GELDIÝEWA.
SURATDA: ýygnagyň geçişinden pursat.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.