Oba hojalyGY: täze hasylyň aladasy
29.04.2021
Welaýatymyzyň obahojalykçylary hormatly Prezidentimiziň bu pudagy çalt depginlerde ösdürmek baradaky görkezmelerinden ugur alyp, joşgunly zähmet çekýärler. Olar ösüşli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýärler. Döwrüň talabyna laýyk bähbitli işleri ýerine ýetirmekde aýratyn hem Baýramaly etrabynyň obahojalykçylary oňat netijeleri gazanýarlar. Indi birnäçe ýyldan bäri daýhan birleşiklerinde täzeçe işlemeklige tutanýerli girişýärler. Munuň özi daýhan hojalyklarynyň döredilýändigini aňladýar. Bu usulda zähmet çekmegiň oňat netijeleri berýändigi bolsa äşgär duýulýar.
Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň pagtaçylyk pudagy boýunça “Merdem kuwwat” daýhan hojalygy döredildi. Durdymuhammet Salyhowyň ýolbaşçylygyndaky bu daýhan hojalygy 490 gektar ýerde ýaz ekişini geçirmek işini üstünlikli ýerine ýetirdi. Işleriň guramaçylykly alnyp barylmagy, tehniki üpjünçiligiň artdyrylmagy jogapkärli ýaz ekişiniň öz wagtynda geçirilmegine şert döretdi. Ýaz ekişini geçirmekde mehanizatorlar Agamyrat Rejepow, Jemal Tekäýewa, Ylýas Aşyrow şeýle hem, beýleki tehnika eýeleri tutanýerli işlediler.
— Biz şu oba hojalyk ýylynda topraga “Ýolöten-7” hem-de “Ýolöten-14” görnüşli bol hasyl berýän pagtanyň tohumyny sepdik. Ähli gektarlara ekişden öň suwaryş işiniň geçirilmegi bolsa, ýeriň tabynyň oňat bolmagyna mümkinçilik döretdi, biziň howa hem-de toprak şertlerimize mahsus gelýän tohumlar mele toprakda talaba laýyk gögerýär. Şu günlerki emele gelýän ýaşyl hatarlar pagtaçylarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. Olar hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözleri aýdyp, höwesli işleýärler — diýip, daýhan hojalygynyň agronomy Şamyrat Rejepow topragy özboluşly nagyşlaýan ýaşajyk gowaça hatarlaryna nazar aýlap durşuna gürrüň berdi.
Elbetde, geljekki bol hasylyň düýbüni tutmakda döwrebap işleri durmuşa geçirýän adamlaryň guramaçylykly zähmet çekmeklerine ähli şertler döredilýän ýerde umyt-arzuwlar öz netijesini berýär. Pagtaçylykda agrotehnikanyň görkezmelerine görä daýhançylyk tejribelerine daýanyp işleýän adamlar hemişe üstünligi özlerine hemra edinýärler.
Öwezmyrat POLLYÝEW.
SURATDA: gowaça meýdanyndan iş pursaty.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.