Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Gül watanyň gujagynda

27.04.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asuda, abadan ýurdumyzda ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek ugrunda edilýän aladalar özüniň miwesini berýär. Bu günki günde mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ata Watanymyzyň her bir bilim ojagynda ýaş nesle döwrebap bilim- -terbiýe berlip, olaryň giň gözýetimli, sagdyn bedenli bolmaklary ugrunda derwaýys işler durmuşa geçirilýär. Serhetabat etrabynyň Çemenabat geňeşliginde ýerleşýän 6-njy “Gülälek” bakja-bagynda-da çagalara döwrebap bilim-terbiýe bermek döwrüň talabyna görä ýola goýlupdyr. Bakja-baga Çynar Osmanowa ýolbaşçylyk edýär. Bagda 142 çaga döwrebap terbiýelenip, körpeler 6 topara bölünendir. Olaryň 2-si bakja, 2-si bag, 2-si bolsa mekdebe taýýarlaýyş toparlarydyr. Mekdebe taýýarlaýyş uly toparlaryna Gözel Durdymyradowa, Gülnara Orazowa, Akmaral Ataýewa gözegçilik edip, olar çagalaryň ak mekdebe taýýarlykly barmaklary ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Bakja, bag toparlaryna bolsa Maral Çaryýewa, Mährijemal Saryýewa ýolbaşçylyk edip, körpeleri hoş söz, ýyly mähir bilen gurşap alýarlar.
Bagyň tejribeli terbiýeçileri çagalaryň arassa, sagdyn bedenli bolmaklary ugrunda aladalanýarlar. Şeýle-de, körpeleriň talaba laýyk naharlanyp, oňat dynç almaklary üçinem ähli mümkinçilikler bar. Olar goşgudyr aýdym aýdyp, tans öwrenip, wagtlaryny hoş geçirýärler. Çagalaryň wagtlaryny şatlykly geçirip, döwrebap terbiýelenýändiklerine guwanýan ata-eneler terbiýeçilere hoşallyk bildirýärler.
Bagyň şepagat uýasy Güljahan Myradowa bolsa körpeleriň bolýan otaglarynyň arassaçylygyny, çagalaryň saglyklaryny yzygiderli gözden geçirýär. Çagalaryň ellerini ýygy-ýygydan ýuwduryp, otaglarda üzärligiň tüsseledilip durulmalydygyny terbiýeçilere maslahat berýär.

Akmaýa HOJANYÝAZOWA. “Maru — şahu jahan”.
SURATDA: bakja-bagyň müdiri Çynar Osmanowanyň bagyň işgärleri bilen pikir alyşýan pursaty.
Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.