Ussat seýis
27.04.2021
Türkmeniň ýaşaýşyny bedewsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Inçebil, gamyşgulak, dal bedewi türkmeniň iň ýakyn syrdaşy, buýsanjy, hemrasy hasaplanylýar. Ir döwürlerden bäri türkmeniň toýlary at çapyşyksyz geçmändir. Geçmişde hem, şu günki günde hem şeýle. Bellenilen toýa wagt golaýlanda her bir seýis çapjak bedewini ýokary derejede seýisläp başlaýar.
Ussat seýisleriň biri hem Tagtabazar etrabynyň Pendi geňeşliginiň Zähmetkeş obasynyň ýaşaýjysy Muhammetnyýaz Hümmetgeldiýew bolmaly. Häzirki wagtda 65 ýaşy arka atan Muhammetnyýaz aga 1970-nji ýylda öz obasynyň atlaryna seýisçilik edip başlaýar. Ol seýisçilige, at çapdyrmaga yhlas edýär. Özara söhbetdeşlikde ýaşuly seýis bize şeýle gürrüň berdi.
— Pederlerimiz “At agynan ýerde toý bolar”, “At — myrat”, “Atym bar — badym bar” we başga-da at baradaky ençeme nakyllaryny döredipdirler. Mende hem atlara bolan söýgi, höwes çagalyk döwrümden başlandy. 1970-nji ýylda seýislän Keremli diýen atym etrabyň Hasyl toýunda at çapyşygyna gatnaşyp, birinji orny eýeledi. Halypam, ussat seýis, çapyksuwar Baba Annaseýidowdan at seýislemegiň syrlaryny, at çapdyrmaklygyň ýollaryny öwrendim. 1989-njy ýylda Aşgabatda geçirilen at çapyşygynda Sandykly, Pendiguş atlarym birinjiligi eýeledi. 1999-njy ýylyň awgustynda Moskwanyň eteginde geçirilen halkara atly ýörişe Türkmenistandan 11 at gatnaşdy, şolaryň arasynda öz hususy gara atym Peýkam hem geçirilen ýaryşda ýyndamlykda, owadanlykda öňdeligi eýeledi. 1995-nji ýylda welaýat boýunça geçirilen at çapyşyklarynda seýislän Sandykly, Paýhasly, Peýkam diýen atlarym öňüne at geçirmän, öňdeligi saklady. Şonda maňa ýeňil awtoulagy sylag berildi.
Ýyllar kerwen gurap geçip dur. Häzirki wagtda hususy ahalteke atlarymyň sany 25-e ýetdi. Şu ýyl ene baýtallardan 8 taý dünýä indi. Arzyly kärimi ogullarym Akmuhammede, Şatlyga, agtyklarym Gammar bilen Röwşene hem öwredýärin. Maşgalamyz bilen Türkmen bedewiniň milli baýramyny hem-de Türkmen alabaýynyň baýramyny buýsançly garşyladyk.
Çary AMANGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: ussat seýis Muhammetnyýaz Hümmetgeldiýewe baýramçylyk mynasybetli TKA-nyň etrap birleşmesi tarapyndan sowgat gowşurylyp duran pursaty.
Surata düşüren awtor.