Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Ýaş suratkeşleriň baýramçylyk sowgady

27.04.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Diýarymyz toý-baýramlaryň mekanyna öwrülýär. Ýurdumyz her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramyny uludan belläp geçýär. Her bir zähmet çekýän adam bolsa bellenilýän baýramlara zähmet sowgatlary bilen barmagy maksat edinýär.
Wekilbazar etrabynyň Hydyr bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň nakgaş bölüminiň ýaş suratkeşleri hem ýurdumyzda bellenilýän baýramlara, şanly senelere surat eserlerini taýýarlaýarlar. Bu bölümde ýaş suratkeşlere Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, birnäçe Halkara baýraklarynyň eýesi, ikinji derejeli nakgaş mugallym Gyzylgül Annaberdiýewa sapak berýär. Gyzylgül mugallymyň ýolbaşçylygynda ýaş suratkeşler Türkmen bedewiniň milli baýramyna hem özleriniň ajaýyp surat eserlerini taýýarladylar. Olaryň çeken suratlaryny synlanyňda, heniz körpediklerine garamazdan, reňkleri sazlaşykly utgaşdyryp, türkmen bedew atlaryny çeper suratlandyrandyklaryna göz ýetirýärsiň. Käbe Güýçgeldiýewa surat eserinde döwletlilik hasaplanýan bedew atlaryň türkmeniň gapysynda buýsanç bilen saklanandygyny, onuň öýe hemişe bezeg berip durandygyny çeper suratlandyrmagy başarypdyr. Mundan başga hem Gudrat Amirowyň «Saza maýyl bolan bedew» atly eserinde ýaşulynyň agtyjagyna türkmeniň milli saz guraly bolan dutarda saz çalyp berýän wagtynda atyň hem çalynýan sazy maýyl bolup diňleýändigi suratlandyrylypdyr. Bu suraty synlanyňda, atyň dutaryň owazyna teşne bolup, arzyly iýminden geçip, saz diňländigi hakyndaky rowaýat ýadyňa düşýär.
Umuman, ýaş suratkeşler öz ukyp-başarnyklaryna görä, baýramçylyk sowgatly eserlerine özboluşly gözellik çaýmagy başarypdyrlar.

Durdynabat BAÝRAMOWA. «Maru — şahu jahan».
SURATDA: ýaş suratkeşleriň surat çekýän pursaty.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.