Ylmy maslahat geçirildi
24.04.2021
Gecen penşenbe güni welaýat kitaphanasynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XIII ylmy maslahat geçirildi. Maslahata Aşgabat şäherinden myhmanlar, şeýle hem syýasy partiýalaryň welaýat komitetleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ylmy maslahaty TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy Hekimberdi Orazberdiýew açdy we alyp bardy.
Maslahatda «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň kitaphana müdiri Merjen Hommadowa, Türkmenistanyň merkezi döwlet arhiwiniň müdiri Ýazmuhammet Ataýew,Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi Merdanmuhammet Kasymow, Murgap etrap bilim bölüminiň hünärmeni Annamyrat Hotjyýew,«Maru — şahu jahan» welaýat gazetiniň uly habarçysy, şahyr Annageldi Källiýew, TAP--nyň Mary şäher komitetiniň esasy hünärmeni Gaýgysyz Magtymow çykyş etdiler. Çykyş edenler ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzy, ähli türkmen halkyny Türkmen bedewiniň milli baýramy, ilkinji gezek geçirilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Türkmeniň köňül buýsanjy, uçar ganaty hasaplanýan behişdi bedewlerimiziň geçmiş taryhymyzdaky orny, atlaryň gelip çykyşy, owadanlykda we ýyndamlykda özüni tanadan ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki orny, türkmen ýigidiniň ýow günde ýoldaşy, toý gününde syrdaşy bolan bedewlere dünýä belli alymlaryň garaýşy, hormatly Prezidentimiziň saýasynda atçylyk we seýisçilik sungatynyň ösdürilişi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly ajaýyp eserlerinden behişdi bedewlerimiz hakynda birnäçe gyzykly maglumatlary, rowaýatlary, jümleleri gürrüň berdiler.
Soňra Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XIII ylmy maslahata gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň hormatly Prezidentine Ýüzlenme kabul edildi.
Maslahatyň ahyrynda il-günümizi baky bagtyýarlyk zamanasyna ýetiren Arkadag Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler belentden ýaňlandy.
Aýparça AKYMOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: ylmy maslahatyň geçişinden pursat.
Suratata düşüren Şamyrat AMADOW.