Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Türkmen bedewiniň milli baýramyna

24.04.2021

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaralarynyň uly bölegi, şeýle hem baýramçylyk at çapyşygy biziň welaýatymyzdaky durky täzelenen atçylyk sport toplumynda geçirildi.
Öz şanyna tutulýan toýda behişdi bedewlerimiz ganat baglap uçdular. Baýramçylyk at çapyşygynyň şowhuny, şagalaňy has hem üýtgeşik boldy. Ir säher bilen bu ýere müňlerçe bedew janköýerleri çapyşyga tomaşa etmek üçin ýygnandy. Atçylyk sport toplumy baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin sahnalaşdyrylan ägirt uly meýdança öwrüldi. Al-asmanda parlaýan döwlet baýdagymyz, behişdi bedewlerimizi wasp edýän aýdym-sazyň owazy, bu ýerde gurnalan amaly-haşam sungatynyň sergileri, owadan halylar düşelen meýdançada eli çeper gelin-gyzlarymyzyň öz inçe sungatlaryny görkezýän pursatlary dabara aýratyn öwüşgin çaýýar.
Alypbaryjy baýramçylyk at çapyşygynyň başlanandygyny yglan edýär. At çapyşygyna badalga berilýär. Dal boýun, gamyşgulak, ýyndam ahalteke bedewlerimiz tizliklerini artdyryp, tomaşa gelenleriň ünsüni özüne çekýär. Ýaryşyň meýilnamasynyň tertibine görä welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň bedewleriniň gatnaşmagynda bellenilen 1000 metr aralyga birinji çapyşykda ýetginjek çapyksuwarlaryň 12-si gatnaşdy. Üçýaşar atlaryň arasyndan saýlanyp, ýeňiş gazanan Mähek diýen dor gysrak Daşoguz atçylyk sport toplumyna degişli bolup, 1 minut 7 sekunt wagtda geldi. Onuň seýsi M. Atdaýew, çapyksuwary B. Mämmedow. Ahal welaýatyndan gelen 12 sany atyň arasyndan ýokary netije görkezen Beglerim diýen dor at 1200 metr aralygy 1 minut 19,7 sekuntda geçip, üçýaşar atlaryň gatnaşmagynda geçirilen ikinji çapyşygyň ýeňijisi boldy. Bu at “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň Änew nebit önümleri kärhanasyna degişli bolup, seýsi E. Babalyýew, çapyksuwary B. Begliýew.
Üçünji çapyşykda, Balkan welaýatyndan gelen dört we uly ýaşar atlar 1200 metr aralyga çapuwa goýberilip, Gaýra diýen gyr at öňdeligi eýeledi. Bu at Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň «Türkmengaz» döwlet konserniniň Balkan welaýaty boýunça müdirligine degişli bolup, pellehana 1 minut 19,1 sekuntda gelmegi başardy. Atyň seýsi D. Nurberdiýew, çapyksuwary I. Tirkeşbaýew.
Daşoguz welaýatyndan gatnaşan atlaryň arasyndan welaýat polisiýa müdirliginiň Gardaşym diýen dor aty 1 minut 16,4 sekuntda 1200 aralygy geçip birinjiligi eýeledi. Atyň seýsi A. Garýagdyýew, çapyksuwary B. Berdimuhammedow.
Bäşinji çapyşykda güýç synanyşyp, ýyndamlykda saýlanan Keýmir diýen al at 1minut 18,7 sekunt wagt görkezip birinji ýere mynasyp boldy. Bu at Lebap welaýatynyň polisiýa müdirligine degişli bolup, ony seýislän we çapyksuwarlyk eden M. Tejenow.
Mary welaýatynyň dört we uly ýaşar atlarynyň arasynda geçirilen 1200 metr aralyga niýetlenen altynjy çapyşykda “Marygazüpjünçilik” müdirliginiň Dorbürgüt diýen dor aty öňdeligi eýeläp, pellehana 1 minut 19,2 sekuntda gelmegi başardy. Atyň seýsi Türkmenistanyň at gazanan atşynasy D. Myratgulyýew, çapyksuwary B. Agamyradow.
Üçýaşar atlaryň gatnaşmagynda geçirilen ýedinji çapyşykda Aşgabat şäherinden gelen bedewler öz ýyndamlygyny görkezdiler. Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna degişli Leýlisaç diýen gara dor gysrak 1 minut 19,04 sekunt wagt görkezip pellehana ilkinji bolup geldi. Atyň seýsi H. Babalyýew, çapyksuwary 3 derejeli çapyksuwar B. Babalyýew.
Halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen, 1000 metr aralyga niýetlenen at çapyşygy has-da gyzykly we tapawutly boldy. Mary welaýat döwlet athanasyna degişli atlaryň gatnaşmagynda geçirilen bu ýaryşa haýsy at bilen gatnaşjakdyklaryny kesgitlemek üçin halypa çapyksuwarlar bije atyşdylar. Jemi alty atyň arasyndan Kadaly diýen dor at 1 minut 11,1 sekunt wagt görkezip, pellehana ilkinji bolup geldi. Halypa çapyksuwar, Türkmenistanyň halk atşynasy Suwhandurdy Kuljanow sekizinji çapyşygyň ýeňijisi boldy. Diýarymyzyň ähli künjeginden gelen saýlama bedewleriň we ussat çapyksuwarlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen ýaryş sekiz tapgyrdan ybarat boldy. Birinji çapyşykda ýetginjekler, ikinji-ýedinji çapyşyklarda welaýatlaryň hem-de paýtagtymyzyň wekilleri, jemleýji çapyşyklarda bolsa, adaty bolşy ýaly, halypa çapyksuwarlar ýaryşdylar. Ýetginjekleriň arasynda geçirilen at çapyşygynyň ýeňijisi TMÝG-niň Merkezi geňeşi tarapyndan kompýuter, ikinji-ýedinji çapyşyklaryň ýeňijilerine degişli häkimlikler we ministrlikler tarapyndan 50 müň manat möçberinde pul baýraklary we telewizorlar, halypa çapyksuwarlaryň ýeňijisine bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy — awtoulag gowşuryldy.

Sähet HOJAGELDIÝEW. “Maru — şahu jahan”.
SURATLARDA: baýramçylyk at çapyşygyndan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.