Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Piläniň bol hasyly öndüriler

22.04.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda halkymyz Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda zähmet üstünliklerini, belent sepgitlerini amala aşyrmak üçin giň gerimli işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň ähli ulgamy bilen bir hatarda oba hojalyk pudagynda zähmet çekmek üçin döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanýan daýhanlaryň ýadawsyz aladalary özüniň oňyn netijesini berýär.
Şu günler ýüpek gurçugyny idetmek möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Ýüpek gurçugyny idedýän kärendeçiler bol pile hasylyny öndürmek ugrunda aladalanýarlar. Bu ugurda tejribe toplan kärendeçileriň biri hem Baýramaly etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginden Gurbanjemal Durdyýewadyr. Ol indi birnäçe ýyl bäri gurçuk idetmek bilen meşgullanyp gelýär. Ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylynda agzybir maşgalasy bilen 30 gram gurçuk tohumyny alypdyr. Ýüpek gurçugyny idetmek möwsümi bir aý töweregi dowam edýän hem bolsa hysyrdyly, jogapkärli iş bolup durýar. Muňa oňat düşünýän Gurbanjemal gelneje gurçuk saklanýan otagyň ýylylyk derejesine, arassalygyna üns berýär. Esasan hem olaryň iýmiti bolan tut ýapraklarynyň arassa hem-de ter bolmagy ugrunda aladalanýar.
Ýüpekçi kärendeçi Gurbanjemal Durdyýewanyň Watan harmanyna bol pile hasylyny tabşyrmak ugrundaky gadamy batly, ümzügi öňe.

D. ORAZGELDIÝEWA.
SURATDA: Gurbanjemal gelnejäniň ýüpek gurçuklaryny idedýän pursaty.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.