Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

22.04.2021

Daýhanlar üçin ýene bir jogapkärli möwsüm başlandy. Gowaça ekilen meýdanlarda iki gulak bolup çykan ekini otamak, ýekelemek, hatar aralaryny ýumşatmak işleri ýerine ýetirilýär.
Sakarçäge etrabynyň «Gyzylgum» daýhan birleşiginiň Halymberdi Atadurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky 7-nji toparynyň kärendeçileri gowaça ideg etmek işlerini utgaşykly alyp barýarlar. Toparyň kärendeçileri 53 gektar ýerde gowaça ekişini geçirip, oňat gögeriş gazanmak üçin tagalla baryny edýärler. Ýer eýeleri zähmetiň bagta ýetirýändigine örän oňat düşünýärler. Halymberdi aga:
— Toparymyzyň kärendeçileriniň ählisi hem toprak bilen iş salşyp, ýygym möwsüminde bol hasyl almagy başarýar. Şolaryň biri hem indi birnäçe ýyl bäri ene topraga ekleýjisi hökmünde garaýan tejribeli kärendeçi Bibigözel Babaýewadyr. Bibigözel kärendeçi 2 gektar ýerine bugdaýdyr pagtany gezekleşdirip ekip, 2 ýyldan ekin dolanyşygyny ýöredýär. Ol geçen ýyl ýerine gowaça ekip, bellenilen meýilnamasyny ilkinjileriň hatarynda ýerine ýetirdi. Ol az ýerden bol hasyl almagy maksat edinýär. Üstümizdäki ýylda hem irgözinden gowaça ekişini geçirdi. Şu günler ekini otamak bilen meşgul bolýarlar. Bu işde gelinleri Bilbil, Bibi, gyzy Zyba ýakyn kömekçi bolýarlar — diýip, gürrüň berdi.
Gowaçadan bol hasyl almagyň esasy işleriniň biri hem hatar arlaryny ýumşatmakdyr. Bu işde hormatly Prezidentimiziň satyn alyp berýän kuwwatly tehnikalaryna daýanylýar. Hojalykda tehnikalar tejribeli mehanizatorlara berkidilýär. Mehanizatorlar Lukman Hojaberdiýew, Jelil Orazgulyýew, Öwez Orazow dagy kärendeçi daýhanlara kömekçi bolup, olaryň alkyşly sözlerine mynasyp bolýar. Topar ýolbaşçy Halymberdi aga meýdanda bolup, gowaçanyň gögerişi bilen gyzyklanyp, kärendeçilere gerek kömek-goldawy berýär. Toparyň kärendeçileri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylynda dokma senagatyny çig mal bilen üpjün etmek üçin pagtanyň öndürilişini artdyrmak ugrunda aladalanýarlar.

Durdynabat BAÝRAMOWA. «Maru — şahu jahan»
SURATDA: gowaçanyň ideginiň ýetirilýän pursaty.
Surata düşüren awtor.