TÄZE ÝYLADYŞHANA
15.12.2020
“Döwlet adam üçindir!” diýen şygary iş ýüzünde amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz aladalary netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, ilatymyzy özümizde öndürilýän ekologiýa taýdan arassa gök önümleriň dürli görnüşleri bilen üpjün etmek, önümçilige täze innowasion enjamlary giňden ornaşdyrmak arkaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini, eksportuň möçberlerini artdyrmak ugrunda edilýän işler öz datly miwesini eçilýär.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ähli welaýatlarda öňdebaryjy tejribelere esaslanýan maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny, oba hojalyk çig mallaryny işläp taýýarlamak boýunça kärhanalary we ýyladyş toplumlaryny öz içine alýan obasenagat ulgamlary döredilýär. Bu ugurda welaýatymyzyň çäklerinde hem göwrümli işler alnyp barylýar. Azyk önümlerini öndürýän telekeçileriň sany ýylsaýyn köpelýär. Obasenagat toplumynda bazar gatnaşyklaryny işjeň ornaşdyrmakda ýurdumyzyň telekeçileriniň orny uludyr.
Golaýda Mary — Şatlyk ýolunyň ugrunda, umumy meýdany 5 gektardan ybarat bolan ýeriň 3,7 gektar meýdanynda tipli ýyladyşhana işläp başlady. Bir ýylda gök önümleriň dürli görnüşleriniň 1200 tonnasyny öndürmäge niýetlenilip gurlan tipli ýyladyşhanany “Halal dogan” hususy kärhanasynyň buýurmasy boýunça “Dört paslyň berekedi” hususy kärhanasynyň hünärmenleridir gurluşykçylary gurdular. Tipli ýyladyşhananyň içi häzirkizaman daşary ýurt enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, bar bolan tehnologiki hyzmatlar kompýuterleşdirilendir we awtomatlaşdyrylandyr.
Bu ýerde ýylyň dört paslynda-da ilatymyza gerek bolan gök önümleriň birnäçe görnüşi ýetişdirilýär. Utgaşykly alnyp barylýan işleriň netijesinde bu ýerde witamine baý oba hojalyk önümleriniň onlarça tonnasy öndürilýär we bazarlarymyzda terligine satylýar.
Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru— şahu jahan”.
SURATLARDA: ter gök önümler ýetişdirilýär.
Suratlary düşüren
Şamyrat AMADOW. (30. 06.2020 suratlary)