Il saglygy — ýurt baýlygy
20.04.2021
Saglyk ynsanyň gymmatly baýlygydyr. Bu gymmatly baýlygy gorap saklamak bolsa her bir adamyň özüne bagly. Bu babatda her bir adamyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, kadaly iýmitlenmegi, ýeterlik ukyny almagy, açyk howada hereket etmegi, beden maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmegi hökmandyr. Şeýle hem arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli, ýagny, öý-iş otaglaryny arasssalap, howasyny täzeläp durmaly, müň derdiň dermany hasaplanýan üzärligi yzygiderli tütetmeli.
Mundan başga hem häzirki wagtda howada tozan bölejikleriniň kadadan artýandygy sebäpli, birek-birek bilen iki metr aralygyň saklanmagy, agyz-burun örtükleriniň dakynylmagy, elleriň yzygiderli sabynlanyp ýuwulmagy hökmandyr. Munuň şeýle edilmegi öz saglygymyzy goramagyň baş şertidir. Her birimiziň öz saglygymyz barada aladalanmagymyz jemgyýetiň aladasyny etdigimizdir.
Begmyrat ORAZOW.
Mary şäherindäki 4-nji sport mekdebiniň tälimçisi.