Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bag — durmuşyň bezegi

16.04.2021

«Bagym bar — barym bar» diýilýänine eýerip, Murgap etrabynyň Gökdepe geňeşliginiň ýaşaýjysy Kössek Aşyrow birnäçe ýyl bäri bagbançylyk bilen meşgul bolýar. 80 ýaşy arka atan Kössek aga ömrüniň köp bölegini bagbançylyk bilen meşgullanyp, baglary oturtmakda, idetmekde baý tejribe toplady. Ol özüniň bilýän zatlaryny ogullaryna, agtyklaryna hem öwredýär.
Bol hasyl almagyň idege baglydygyna her bir işinde göz ýetirýän K. Aşyrow baglaryň düýbüni ýumşatmak, haşal otlardan arassalamak, şahalaryny timarlamak işlerine aýratyn üns berýär. Ýaşuly bagban melleginde baglaryň dürli görnüşlerini idedip, çekýän zähmetine görä bol hasyly hem ýetişdirýär.
Kössek aga hormatly Prezidentimiziň saýasynda bagy-bossanly Diýarymyzda bazarlarymyzda, söwda merkezlerimizde miwe önümleriniň bol bolmagyna mynasyp goşandyny goşýandygyna örän begenýär.

SURATDA: Kössek aganyň aýaly Söýligözel gelneje bilen baglara ideg edýän pursaty.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.