Ýüpekçilik
16.04.2021
Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda ýüpek süýümlerinden matalary dokamak üçin pile önümçiligine aýratyn üns beripdirler. Bagtyýarlyk döwrümizde piläniň bol hasylyny almak üçin ähli şertler döredilýär. Dokma senagatynyň gymmatly çig maly bolan pile öndürmek işi döwrebap derejede ösdürilýär. Ýüpek gurçugynyň esasy iýmiti bolan tut nahallarynyň her ýyl müňlerçe düýbi oturdylýar, öňki bar bolanlarynyň idegi ýetirilip durulýar. Ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsümi gysga döwür bolsa-da uly jogapkärçiligi talap edýär. Türkmengala etrap pile kabul ediş we guradyş sehiniň müdiri Gurban Oraşow:
— Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimizde ýüpekçilik pudagyny ösdürmekde birnäçe işler alnyp barylýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda welaýatymyz boýunça 410 tonna pile öndürmek bellenildi. Şol sanda biziň etrabymyz boýunça 46 tonna pile hasylyny öndürmek meýilleşdirilýär.
Şu günler ýüpek gurçuklaryny daýhan birleşiklerine paýlaýarys. Her bir gurçuk idedýän kärendeçi bu möwsüme öňünden taýýarlyk görýär. Gurçuklaryň idediljek jaýlarynyň arassalygy, ýylylyk derejesi babatynda öňünden aladalanýar. Nesip bolsa, ýüpek gurçuklary kärendeçiler tarapyndan talaba layk idedilip, bellenilen meýilnama üstünlikli ýerine ýetiriler — diýip, gürrüň berdi.
Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: etrap pile kabul ediş sehiniň işinden pursat.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.