Kärdeşimiz hakda söz
14.04.2021
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň bimöçber uly aladasynyň netijesinde bedew bady bilen öňe gidip, ösüşleriň täze belentliklerine çykýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gowy görkezijilere eýe bolunýar.
Biziň bakja-bagymyz hormatly Prezidentimiziň körpelere eden sowgady bolup, ol 2013-nji ýylda ulanylmaga berildi. Bu günki günde çagalar ähli babatda dünýä ülňülerine laýyk derejede gurlan bagda erkana ýaýnaýarlar. Olaryň şadyýan gülkülerini diňläp, bagtdan nurlanýan ýüzlerini synlasaň, biziň ýurdumyzyň bagtyýar çagalygyň mekanydygyna guwanç duýgusy kalbyňy gaplaýar.
Çagalar bakja-bagymyzda körpeleriň onlarçasy terbiýe alyp, olara Bahar Hanmuhammedowa, Ejegyz Amanowa, Ejegül Karaýewa ýaly hünärine ussatlar terbiýe berýärler. Atlary agzalan terbiýeçiler yhlasly zähmet çekmek bilen, kärdeşlerine görelde bolýarlar.
Bu ugurda aýratyn hem Ejegül Karaýewa hakynda öwgüli sözleri aýtmak bolar. E. Karaýewa golaýda “Ýylyň terbiýeçisi” bäsleşiginiň şäher tapgyrynda baş baýraga mynasyp bolup, bakja-bagymyzyň abraýyna abraý goşdy. Biz kärdeşimizi gazanan şeýle netijesi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Bakja-bagymyzyň müdiri Gülnar Annaýewanyň ýolbaşçylygynda kärdeşimiz Ejegül Karaýewanyň iş tejribesi öwrenilýär we halypa-şägirtlik ýörelgesine eýerilýär.
— Bizde işlemäge, döretmäge ähli mümkinçilikler bar. Şeýle uly alada jogap edip, biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30, gözel paýtagtymyzyň 140 ýyllygyna sowgatly barýarys. Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza müň keren alkyş aýdýarys — diýip, kärdeşimiz E. Karaýewa buýsanç bilen aýdýar.
Gunça ORAZGELDIÝEWA.
Mary şäherindäki 12-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýesiçi, TZB-niň işjeň agzasy.
SURATDA: yhlasly terbiýeçisi Ejegül Karaýewa.