Teatryň täze möwsümi
14.04.2021
Ýakynda Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry öz tomaşaçylaryny “Janserek” atly täze oýun bilen mähirli garşylady. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň pýesasy esasynda, teatryň baş ýolbaşçysy, režissýor Ata Gullarow tarapyndan sahnalaşdyrylan «Janserek» atly bu täze drama oýnunyň ilkinji gezek görkezilişi boldy.
Oýunda durmuşyň manysyny tapmak, her bir ene-ata üçin nesil terbiýesiniň mukaddesligi, perzendiň ene-atasynyň öňündäki borçlary, adamyň ýüreginde beslän arzuwlaryna ýetmegi üçin gije-gündiz yhlas bilen zähmet çekmelidigi, durmuşda hiç haçan ruhdan düşmeli däldigi, öňde goýan maksatlarymyza ýetmek üçin hiç bir kynçylykdan çekinmeli däldigi ýaly meseleler ussatlyk bilen beýan edilýär. Drama eseriniň baş gahrymany heýkeltaraş Nazar Zamanow. Onuň bar maksady heýkeltaraşlaryň arasynda geçirilýän bäsleşikde ýeňiji bolmak. Nazar üstünden ýigrimi bäş ýyl geçen tokga bir daşdan hakyky sungat eserini döretmegiň ugruna çykýar. Ol heniz alty ýaşyndaka, aradan çykdy diýip ýören mähriban ejesiniň keşbini elmydama göz öňünde suratlandyryp gezýär. Nazar öz maksadyna ýetmek üçin, her hili kynçylyklardan geçip, gije-gündiz zähmet çekip, öz mähriban käbesiniň heýkelini ýasaýar.
Sahna oýnunda heýkeltaraş Nazar Zamanowyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Muhammettirkiş Rüstemow ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Halypa artist ýerine ýetirýän keşbiniň geýimine girensoň özüni unudyp, täze Nazar atly heýkeltaraşyň keşbinde şeýle ynandyryjy oýnamagy başarýar welin, oturan tomaşaçy hakykatdan hem ol durmuşda-da heýkeltaraş Nazarmyka diýip, pikir edýär. Bu bolsa halypa artistiň irginsiz, yhlasly zähmet çekýändigini, özüne ynanylan keşbiň içinde ýaşaýandygyny, tomaşaçyny gepi-sözi, hereketleri bilen özüne maýyl etmegi başarýandygyny görkezýär.
Öz perzendiniň ugrunda janserek bolup, iň soňunda ogluna gowşan enäniň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Nurbibi Nazarowa ýerine ýetirýär. Şeýle-de, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Muhammet Nazzyýew, Nurbike Mollaýewa, artistler Aýna Begliýewa, Ýazdursun Rahmanowa, Kowus Alladurdyýew beýan edilýän wakalaryň, onuň many-mazmunynyň täsirli bolmagynda öz ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmandyrlar. Bir söz bilen aýdanymyzda, spektaklda hereket edýän her bir keşp örän ussatlyk bilen ýerine ýetirilýär. Spektakl dramaturgiýa, režissura, saz we sahna bezegi taýdan diýseň kämil. Merdan Akmämmedowyň ýerine ýetiren sahna bezegleri, Nazaryň enesine gowuşmak hakyndaky arzuwlary, enäniň ençeme ýyllardan soň ogluny nähili garşylajakdygy, geljekdäki bagtly günleri barada uçýan guşuň ganatlarynyň üsti bilen aýdyň görkezilýär.
Muhammet Baýramowyň saýlap alan sazlaryny ussatlyk bilen ulanmagy, sahna eseriniň çeperçiligini has-da artdyrýar. Sahnada ene mukaddesliginiň, perzendiň durmuşdaky ähli zatdan süýjüdiginiň gowy çözgüdi tapylýar. Spektaklyň ahyrynda Nazar bilen ejesiniň biri-birine gowuşmagy tomaşaçylary diýseň tolgundyrýar. Teatryň sahnasynda ilkinji gezek görkezilen bu sahna eseri tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.
Biz hem teatryň agzybir işgärlerine geljekde-de şeýle terbiýeçilik ähmiýetli kämil oýunlary sahnalaşdyryp, ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Kuwwatgeldi ÇARYÝEW.
TDEI-niň talyby, TMÝG-niň işjeň agzasy.