Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

ÝYLADYŞHANANYŇ AÇYLYŞ DABARASY

15.12.2020

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, ilatymyzy özümizde öndürilýän ekologiýa taýdan arassa gök önümler bilen üpjün etmek, önümçilige innowasiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini, eksportuň möçberini artdyrmak ugrunda edilýän işler öz datly miwesini berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň welaýat merkezine golaý ýerlerde gök-bakja, üzüm, ýeralma ekinlerini we miweli baglary ösdürip ýetişdirmek hem-de gaýtadan işlemek boýunça ýöriteleşdirilen kärhanalary döretmek baradaky görkezmeleri ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da ýokarlandyrmaga, ilatymyzy ýylyň ähli paslynda-da ekologiýa taýdan arassa gök önümler bilen üpjün etmäge anyk ýoldur. Oba hojalygynda täze ykdysady gatnaşyklary işjeň ornaşdyrmakda ýurdumyzyň telekeçileriniň orny uludyr.

Bu ugurda biziň welaýatymyzda hem göwrümli işler edilýär. Ýer bilen iş salyşýan we azyk önümlerini öndürýän telekeçileriň sany artýar. Döwrebap ýyladyşhanalarda öndürilýän gök önümler ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.
Düýn Mary etrabynyň çäginde, Mary — Şatlyk awtoulag ýolunyň ugrunda ýene bir döwrebap ýyladyşhana hojalygynyň açylyş dabarasy boldy. Umumy meýdany 5 gektardan ybarat bolan ýeriň 3,7 gektar meýdanynda tipli ýyladyşhana ýerleşýär. Bu ýyladyşhana bir ýylda gök önümleriň dürli görnüşleriniň 1 müň 200 tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. “Halal dogan” hususy kärhanasyna degişli bolan tipli ýyladyşhanany “Dört paslyň berekedi” hususy kärhanasynyň hünärmenleridir gurluşykçylary gurdular hem-de onuň içini daşary ýurt enjamlary bilen enjamlaşdyrdylar.
Ýyladyşhana hojalygynyň açylyş dabarasyna welaýat, etrap häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, bilim işgärleri, hormatlanýan ýaşulular, mährem eneler, gurluşykçylar gatnaşdylar. Dabarada etrabyň Abadançylyk geňeşliginiň ýaşaýjysy, il içinde hormatlanýan ýaşuly Akmuhammet Gurbanöwezow, “Dört paslyň berekedi” hususy kärhanasynyň hünärmeni Begmyrat Begmyradow çykyp gepläp, dabara gatnaşyjylary ýyladyşhana hojalygynyň işe girişilmegi bilen gutladylar hem-de “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygary iş ýüzünde amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza alkyş aýtdylar.
Ýyladyşhananyň gurluşygyna gatnaşan hünärmenlere we gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Dabaranyň dowamynda aýdym-sazyň şirin owazy belentden ýaňlandy.

Agamyrat ATANYÝAZOW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATLARDA: ýyladyşhananyň açylyş dabarasyndan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW. (suratlary 23.04.2020)