Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bedew batly at-myradyň mekany

16.01.2026

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, şol sanda welaýatymyzda hem 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Golaýda şeýle dabaraly maslahatlaryň biri welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda geçirilip, oňa ýaşuly nesliň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, welaýatyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglyk, medeniýet, sport ulgamlarynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabaraly maslahatda täsirli çykyşlara giň orun berlip, onda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagynda uly many-mazmunyň bardygy nygtaldy. Şeýle-de, çykyşlarda geçen ýylda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly üstünlikleriň gazanylandygy, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmakda beýik işleriň ýola goýlandygy, olaryň häzirki wagtda hem dowam edýändigi hakynda aýdyldy. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň giňden belleniljek ýylynyň taryhy wakalara beslenilmegi, “At — myrat” diýýän halkymyza wepalylygyň, çalasynlygyň, owadanlygyň nusgasy bolan bedew ýylynda rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw edildi.

Ýylyň şygaryna bagyşlanylyp geçirilen maslahatyň dowamynda welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp çykyşlara tomaşa edildi. Onda ýaňlanan aýdym-sazlardyr kompozisiýa çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň ruhuny göterdi. Hormatly Prezidentimiziň, ösüşlere beslenýän ata Watanymyzyň, wepalylygyň nusgasy bolan bedewlerimiziň waspyny edýän aýdym-sazlar maslahatyň şowhunyny has-da artdyrdy. Şeýle-de, bu ýerde dabaraly maslahata gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi. Eziz Watanymyzy beýik ösüşlere sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

«Maru — şahu jahan».
SURATDA: dabaraly maslahatdan pursat.
Suraty düşüren Şamyrat AMADOW.