Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Azyk bolçulygyna goşant

24.12.2025

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, bazarlarymyzy özümizde öndürilýän önümler bilen üpjün etmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Bu ugurda telekeçilerimiz has-da yhlaslylyk görkezýärler. Halkymyzyň bereketli saçagyndaky önümler daýhan yhlasynyň ýerine düşýändigine güwä geçýär.

Golaýda Myrat Gurbanowyň Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäheriniň çäginde ýerleşýän “Döwletli ýörelge” hususy kärhanasynyň 7,34 gektarlyk ýyladyşhanasynda bolup, alnyp barylýan işler bilen tanyşdyk.

Ýyladyşhananyň işi şu ýyl ýola goýlup, bu ýerde saýlama pomidor tohumyndan ýetişdirilen şitilleriň 198,000 müň düýbi oturdylypdyr. Onuň idegi ýetirilip, mineral we ýerli dökünler bilen gurplandyrylypdyr. Oňat idegi ýetirilen pomidoryň bol hasyly kemala getirildi. Onuň hasylyny ýygnap, öz ýurdumyzyň söwda nokatlaryna, daşary ýurtlara ugratmak ýola goýuldy. Ýyşadyşhanada düzüm-düzüm bolup, sallanyşyp duran pomidorlar göreniň gözüni dokundyrýar.

Ýyladyşhanany Türkiýäniň “Mekoser” firmasy gurup, işleriň köpüsi awtomatlaşdyrylan usulda ýerine ýetirilýär. Şeýle hem ekinleri tozanlandyrmak üçin ary maşgalalary goýberildi. Bu bolsa ekinleriň hasyllylygyny 80-85 göterim ýokarlandyrýar — diýip, tejribeli agronom Myrat Sytdyhow begenç bilen gürrüň berýär.

— Hasyly ýygnamakda işler talabalaýyk berjaý edilip ýerlere ugradylýar. Indiki ýyllarda has-da oňat hasyl almagy umyt edýäris. Bizde jemi 60 töweregi işçi zähmet çekýär. Olardan Aýgül Gurbanowa, Mähri Paşşyýewa, Dünýä Amanowa, Gurbanmyrat Aşyrow, Gunça Baýramowa, Tahyr Durdyýew has-da tapawutlanyp işleýärler. Ýyladyşhana ýerli ýaşaýjylary iş orunlary bilen üpjün edýär.

Biz, telekeçilere işlemäge, halka hyzmat etmäge ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyz örän çäksizdir — diýip, “Döwletli ýörelge” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy telekeçi Myrat Gurbanow buýsanç bilen aýdýar.

Ogulşat BERKELIÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
Suratda: ýyladyşhanadan pursat.
Surata düşüren awtor.