Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Gapymyzda ýene bir toý

22.12.2025

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýyl ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Tamamlanyp barýan ýylymyzda uly işler edilip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda her bir pudakda üstünliklere ýetilýär. Bu bolsa ata Watanymyzyň at-abraýyny belende galdyrýar. Ýetip gelýän Täze — 2026-njy ýyl hem şeýle taryhy wakalara baý bolar diýip umyt edýäris. Şeýle umyt-arzuwlaryň hyýalynda bagtyýar ýaşaýan türkmen halky şu günki günden Täze ýyl arçasyny bezäp, daş-töweregi her dürli öwüsýän yşyklar bilen görklendirip, ajaýyp baýramçylygymyza uly sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Ýakynda hemmelerde täsirli duýgulary, ýatdan çykmajak pursatlary galdyran Täze ýyl arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy bolup, oňa bagtyýar çagalar bilen birlikde dabaranyň arzyly myhmanlary bolan ertekileriň gahrymanlary, Aýazbabadyr Garpamyk gatnaşdylar. Olar, ilki bilen, welaýatymyzyň dürli künjeginde myhmançylykda boldular. 2025-nji ýylda welaýatymyzda açylyp, ulanylmaga berlen täze desgalara aýlanyp, olaryň mümkinçilikleri bilen tanyş boldular. Uzak-uzak ýollary geçip gelen Aýazbaba Garpamyk bilen bilelikde ak paýtuna münüp Mary şäheriniň gözel ýerlerine-de aýlanyp gördüler. Şeýlelik bilen Garpamykdyr Aýazbaba çagalar bilen baýramçylyk şowhunyny artdyrýan bezemen, giň köçeleriň gijeki owadanlygyny synlap, welaýatymyzdaky “Türkmeniň Ak öýi” binasyna geldiler. Göreni haýrana goýýan bu meýdança diýseň owadan bezelipdir.

“Türkmeniň Ak öýi” binasynyň meýdançasynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň, bagtyýar çagalaryň ýerine ýetirmeginde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Oňa gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady. Täsirli dabaranyň dowamynda Aýazbabadyr Garpamyk öz ýürek arzuwlaryny aýdyp, Baş arçanyň daşynda el-ele berip aýlanyp, çagalar bilen ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirdiler, şatlandylar. Soňra sabyrsyzlyk bilen garaşylan pursat hem gelip ýetdi. Aýazbaba özüniň jadyly taýagy bilen Baş arçanyň yşyklaryny ýakdy. Yşyklandyrylan arçanyň görki has-da gözel boldy.


Sülgün ŞADYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: Täze ýyl Arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasyndan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.