Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Welaýatymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi

13.11.2025

Bereketli altyn güýz baýramçylyklara baý pasyllaryň biri. Toýlary toýlara ulaşýan Diýarymyzda baýramçylyklar agzybirlikde uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Şeýle baýramçylyklaryň biri hem daýhan zähmetiniň şanyna tutulýan Hasyl toýudyr. Hasyl toýy diýlende edermen daýhanlarymyzyň tutanýerlilik bilen maňlaý derini siňdirip çeken zähmetiniň miwesi göz öňüňe gelýär. Hasyl toýy rysgal-berekediň, bolçulygyň baýramy.

Ýakynda Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem Hasyl toýy uly dabara bilen bellenilip geçildi. “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda guralan baýramçylyk dabarasy diýseň şowhunly boldy. Oňa welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, oba zähmetkeşleri, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar. Baýramçylyk dabarasynda gök-önümlerden, bakja ekinlerinden göze gelüwli guralan sergi baýramçylyga gatnaşanlaryň ünsüni özüne çekdi. Toý saçaklary giňden ýazylyp, milli tagamlarymyz bu ýere gelenlere hödürlenildi. Bu bolsa il-günümiziň bereketli saçagynda naz-nygmatlaryň, çörek we çörek önümleriniň, gök-bakja önümleriniň, miweleriň bollugyny alamatlandyrýar. Belentden ýaňlanan aýdym-sazlar, folklor çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Olarda eziz Watanymyzyň, hormatly Prezidentimiziň, oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň, edermen daýhanlaryň ajaýyp zähmetiniň waspy ýetirildi. Baýramçylyk dabarasynda oba hojalygynda birnäçe ýylyň dowamynda halal we göreldeli çeken zähmeti nazarda tutulyp, ildeşlerimiziň birnäçesine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Oba zähmetkeşleriniň her biri hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerini aýtdylar.

Ösüşlere beslenýän Diýarymyzda ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygyny ösdürmäge ähli mümkinçilikleri döredýän, halkymyzyň bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: baýramçylyk dabarasyndan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.