Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bag ekmek dabarasy

13.11.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky işleri döwlet derejesinde ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Ýurdumyzda her ýylda ýazky we güýzki bag ekmek möwsümlerine dabaraly ýagdaýda badalga berilýär. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berilmegi zähmet baýramçylygyna öwrülýär. Ählihalk bag ekmek dabarasyna jemgyýetiň ähli gatlagynyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa ýaş nesillerde tebigata aýawly garamak, onuň bilen sazlaşykly ýaşamak terbiýesini ösdürýär.

Her bir işde nusgalyk görelde bolýan hormatly Prezidentimiziň ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşmagy we badalga bermegi her birimizi buýsandyrýar. Geçen hepdäniň şenbe güni Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda güýzki bag ekmek dabarasyna badalga berildi.

Welaýatymyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümi Mary etrabynyň “Täze oba” daýhan birleşiginiň çägindäki 10 gektar meýdanda geçirildi. Il-sylagly ýaşulular ýagşy arzuwlar bilen sogaply işiň başyny başlap berdiler. Ildeşlerimiz ýaşulularyň göreldesine eýerip bag nahallaryny agzybirlikde oturtdylar. Şol gün türkmen arçasynyň 4 müň düýbi oturdyldy. Zähmet baýramçylygynda welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň, tans toparlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Ýaňlanan şirin mukamlar sogaply işe gatnaşanlaryň ruhlaryny göterdi. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça ählihalk işine gatnaşan agzybir ilimiz şu günlerde hem saýaly hem-de miweli baglary oturtmak işini dowam etdirýärler. Şeýle-de, öňki bar bolan nahallaryň idegini ýetirýärler.

Sähet HOJAGELDIÝEW.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: bag ekmek dabarasyndan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.